Rus gimnastikaçylary Olimpiýa oýunlarynda toparlaýyn mnogoborýede altyn medal gazandylar

  • 28.07.2021 14:57
  • 2.6k+

Denis Ablýazinden, Dawid Belýawskiden, Artur Dalaloýandan we Nikita Nagornydan ybarat bolan Russiýanyň sport gimnastikasy boýunça milli ýygyndysy toparlaýyn mnogoborýede Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi boldy.

Rus türgenleri bäş maşk üçin jemi 262,500 bal gazandylar. Ikinji orny Ýaponiýanyň topary (262,397), üçünji orny hytaý topary (261,894) eýeledi. Russiýanyň milli ýygyndysy programmanyň jemleýji görnüşinden öň ýaponiýaly türgenlerden 0,537 bal öňe geçdi. Russiýaly gimnastikaçylardan iň soňky bolup Nikita Nagornyý çykyş etdi – erkin maşklarda ol 14,666 bal gazandy. Ýaponiýanyň toparyndan ýaryşy Daýki Haşimoto tamamlady, onuň hasabynda perekladinada edilýän maşklarda 15,100 bal bar.
Russiýaly gimnastikaçylar soňky gezek toparlaýyn mnogoborýede 1996-njy ýylda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda ýeňiş gazanypdylar. Şonda topar üçin Alekseý Nemow, Alekseý Woropaýew, Ýewgeniý Podgornyý, Dmitriý Wasilenko, Sergeý Harkow, Nikolaý Krýukow we Dmitriý Truş çykyş etdi. 


25.07.2025 17:05
17k+

Türkmenistandan Merdan we Şöhrat Toýlyýewler "Ýüpek ýoly - 2025" halkara rallisinde ýeňiş gazandylar

22-nji iýulda Gorno-Altaýsk (RF) şäherinde «Ýüpek ýoly» halkara rallisi tamamlandy. T2 seriýaly off-road ulaglarynyň ýaryşynda umumy hasap boýunça 214 belgide çykyş eden doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler ýeňiş gazandylar...

25.07.2025 16:54
5k+

FIDE 10 ýaşly Şogjiýewi iň ýaş halkara ussat diýip ykrar etdi

10 ýaşly russiýaly küştçi Roman Şogjiýew resmi taýdan halkara ussat adyny aldy. Bu barada Russiýanyň Küşt federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi. TASS-yň maglumatlaryna görä, Şogjiýew bu tituly almak üçin zerur bolan üç düzgüniň ählisini ýerine ýetirmek bilen, iň ýaş küştçi boldy...

23.03.2025 12:11
8.1k+

Russiýaly aýal Baýkal kölünde buzuň astynda 122 metr ýüzüp, dünýä rekordyny goýdy

«Baýkalyň buzunyň astynda 2025» atly fridaýwing festiwalynda russiýaly Ýekaterina Nekrasowa uly üstünlik gazandy. Ol gidrokostýum geýmezden, Baýkal kölünde, buzuň astynda 122 metr aralyga ýüzdi. Bu netije bilen...

29.01.2025 11:54
14k+

Türkmenistanyň milli ýaşlar ýygyndysynyň 18 ýaşly hüjümçisi “Rostowyň” oýunçysy boldy

Russiýanyň “Rostow” futbol kluby Türkmenistanyň milli ýaşlar ýygyndysynyň 18 ýaşly hüjümçisi Denis Titow bilen şertnama baglaşdy. Futbolçy eýýäm BAE-de geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynda esasy topara...