Türkmenistana ilkinji Olimpiýa medalyny getiren türgen gyz hakynda bilmek isleýärsiňizmi?

  • 28.07.2021 10:35
  • 28k+

TmCars.info-nyň ozal hem habar berşi ýaly, 27-nji iýulda Ýaponiýadan şatlykly habar gelip gowuşdy —  XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medalyny taryhda ilkinji gezek Türkmenistana Polina Gurýewa getirdi. Ol agyr atletika boýunça ýaryşlarda çykyş edip, 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy. Bu agram derejesinde dünýäniň 14 ýurdunyň wekilleri bäsleşdiler.

Milli ýygyndy toparyň bu iri ýaryşlara gatnaşmagy biziň türgenlerimiziň ýeňiş gazanyp, ata Watanymyzyň ýaşyl Tugunyň belende galdyryljakdygyna bolan ynamy has-da berkidýär. Ine-de, ilkinji üstünlik!

Türkmenistana ilkinji Olimpiýa medalyny getiren türgen gyzyň üstünlikleri barada ýatlasak, 2017-nji ýylyň maýynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Yslam Raýdaşlyk oýunlarynda gazanylan altyn medal, 2018-nji ýylyň martynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda gazanylan bürünç medal barada aýtmak gerek. P.Gurýewa ýene-de iki sany uly ýaryşlarda — 2019-njy ýylyň aprelinde Fiji Respublikasynda geçirilen ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda hem-de 2021-nji ýylyň aprelinde Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda dördünji orny eýelemegi başardy.

Şu gün bolsa ol ilkinji ýaryşdan — ştangany silkip galdyrmak boýunça bäsleşikden soň 96 kilogram gazanan netijesi bilen fransiýaly Dora Çakunte bilen ikinji-üçünji orunlary paýlaşdy. Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň 21 ýaşly türgeni üç synanyşygyň hemmesini şowly peýdalanyp, 116 kilogram, 119 kilogram we 121 kilogram agram derejelerindäki ştangalary galdyrmagy hem-de tälimiň bu görnüşinde milli rekordy täzelemegi başardy. Şeýle hem P.Gurýewa Türkmenistanyň rekordyny — 217 kilogram agram derejesindäki rekordy gazanyp, öz ozalky üstünligini 6 kilogram derejede gowulandyrdy.
Netijede türgen gyzymyz ýaryşda üçünji orny eýelän Ýaponiýanyň wekili Mikiko Andodan öňe geçmegi başardy (silkip galdyrmak — 94 kilogram, itekläp galdyrmak — 120 kilogram). Bu agram derejesinde ştangany silkip galdyrmakda (103 kilogram), itekläp galdyrmakda (133 kilogram) hem-de iki görnüşde (236 kilogram) üç sany olimpiýa rekordlaryny gazanan dünýäniň dört gezek çempiony, dünýä rekordlarynyň 12-siniň eýesi Kuo Sin-Çžun (Hytaý Taýpeýi) birinji orny eýeledi.
Ýeri gelende aýtsak, Polina Gurýewa Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň 4-nji ýyl talybydyr. Ol sport ýoluna A.Saryýewiň halypalyk etmeginde başlap, häzir milli ýygyndy toparymyzyň baş tälimçisi A.Emirýanyň ýolbaşçylygynda ussatlygyny kämilleşdirýär.

Şeýle hem okap bilersiňiz:


03.06.2026 17:49
4.1k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......