Tokio-2020: Artur Emirýan türkmen agyr atletikaçylarynyň taýýarlygy barada aýtdy

  • 21.07.2021 16:04
  • 20k+

Tokioda bary-ýogy iki günden badalga aljak Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türkmen türgenleriniň taýýarlygy barada Türkmenistanyň ýygyndysynyň agyr atletika boýunça baş tälimçisi Artur Emirýan gürrüň berdi. Ony «МИР» teleýaýlymy paýlaşdy. 

«Edil häzirki wagtda oýunlara gatnaşýan türgenleriň 5-si hem öz ugry boýunça iň ýokary derejede. Oňat bölüşilende, 3-4 medal gazanmak mümkin. Nesip bolsa, eger başartsa, bolmanda ýekeje medal alyp bolsa...» diýip, Artur Emirýan söhbetdeşligiň dowamynda aýtdy. 

TmCars.info nobatdaky tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistandan agyr atletika boýunça Kristina Şermetowanyň, Polina Gurýewanyň, Rejepbaý Rejebowyň, Öwez Öwezowyň, Hojamuhammet Toýçyýewiň gatnaşýandygyny ozal hem habar beripdi. Agyr atletika boýunça ýaryşlar 24-nji iýuldan 4-nji awgust aralygynda Tokio halkara forumynyň toplumynda geçiriler.


17.04.2026 09:31
19k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.4k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....

03.04.2026 19:30
3.9k+

Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň täze möwsümine badalga berilýär

2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň täze möwsümi resmi taýdan başlanýar. Nobatdaky çempionatda sekiz topar — «Arkadag», «Ahal», «Altyn Asyr», «Şagadam», «Nebitçi»,......

02.04.2026 14:36
11k+

FIFA ýygyndylaryň reýtingini täzeledi: Fransiýa indi birinji. Türkmenistan üçin näme üýtgedi?

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndy toparlaryň reýtingini 2026-njy ýylda ikinji gezek täzeledi (birinji täzelenme ýanwar aýynda bolupdy). Täze sanaw guramanyň resmi sahypasynda ýerleşdirildi....