Türkmenistan Bütindünýä bankyndan 20 mln dollar möçberde karz serişdesini alar

  • 27.07.2021 08:36
  • 35k+

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Bütindünýä bankynyň toparynyň düzümine girýän Halkara täzeleniş we ösüş banky bilen «COVID-19-a garşy göreşmek» taslamasy boýunça ABŞ-nyň 20 mln dollaryna barabar bolan karz ylalaşygyna gol çekdi.

Gol çekmek dabarasy ýurdumyzyň maliýe-ykdysadyýet toplumynyň binasynda maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň Bütindünýä bankynyň Türkmenistanyň hemişelik wekili Ýan-Peter Olterson hem-de BB-niň Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory Tatýana Proskurýakowa bilen geçiren duşuşygynyň çäginde geçirildi.
Duşuşygyň çäginde taraplar Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasynda dürli ugurlarda, şol sanda koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmekde özara gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň ýollaryny maslahatlaşdylar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Bütindünýä bankyndan alynjak serişdeler — ABŞ-nyň 20 mln dollary Türkmenistanda koronawirusy anyklamaga we öňüni almaga, munuň üçin zerur bolan enjamlary we lukmançylyk serişdelerini satyn almaga gönükdiriler.


şu gün 22:17
0

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

şu gün 19:20
1.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......