Türkmenistan COVID-19-a garşy göreşmek üçin Bütindünýä bankyndan 20 million dollar karz serişdesini alar

  • 17.07.2021 12:30
  • 37k+

16-njy iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda wise-premýer Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary tarapyndan ykdysadyýetimize ýeňillikli karzlary çekmek boýunça halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Bütindünýä bankyndan “COVID-19-a garşy hereket etmek” taslamasy boýunça tizleşdirilen tertipde 20 million amerikan dollary möçberinde karz serişdelerini çekmek bilen bagly işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň garamagyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Bütindünýä banky Toparynyň Halkara täzeleniş we ösüş banky bilen karz ylalaşygyny hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen “Netijeleri bermek barada Ylalaşygy” baglaşmaga ygtyýar bermek baradaky teklipler hem-de “COVID-19-a” garşy hereket etmek” taslamasy boýunça Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna karz almak hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, Halkara täzeleniş we ösüş bankyndan, Bütindünýä banky toparyndan alnan serişdeleriň koronawirus ýokanjynyň öňüni almak üçin zerur bolan abzallary, derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny, ýagny bu abzallar üçin reaktiwleri hem-de sanjym etmek üçin şprisleri satyn almaga gönükdirilmelidigini, şunuň bilen birlikde, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bu babatdaky teklipleriniň öwrenilmelidigini aýtdy.


09.04.2026 20:12
8.1k+

Welomenziller Aşgabat we Arkadag şäherlerinden başlap, ähli welaýatlara uzady

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri diňe bir Aşgabatda däl, eýsem Arkadag şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda geçirildi....

08.04.2026 07:19
7.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Döwlet Baştutany......

04.04.2026 15:19
7.1k+

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçiriler

11-nji aprelde Aşgabatda Ýewropa gününe bagyşlanyp, dürli aralyklara köpçülikleýin inklýuziw ylgaw ýaryşy geçiriler....

21.03.2026 08:05
5.7k+

Türkmenistanda 1 — 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan çäreler geçiriler

1 — 7-nji aprel aralygynda Türkmenistanda Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp, sport, medeni we wagyz-nesihat çäreleri geçiriler. Olara görülýän taýýarlyk işleri 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde maslahatlaşyldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi...