Türkmenistanda adam hukuklary boýunça pudagara toparyň mejlisi geçirildi

  • 27.07.2021 01:51
  • 6.5k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisinde toparyň başlygy, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Pudagara toparyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we degişli halkara guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän ulgamlaýyn işiniň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Mejlisiň barşynda Toparyň şu ýylyň birinji ýarymy boýunça ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlendi, onuň geljekki hereketleriniň esasy wezipeleri we ýurduň döwlet edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň halkara hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara zähmet guramasy bilen hyzmatdaşlygyň esasy aýratynlyklaryna hem seredilip geçildi.    
Mejlise gatnaşyjylar adam hukuklary ulgamyndaky milli meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň depginine, şeýle-de Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň durmuşa geçirilişine hem seredip geçdiler.
Pudagara toparynyň ilatyň hukuk biliminiň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, hususan-da, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde tematiki neşirleriň çap edilmegi arkaly raýatlaryň degişli maglumatlara elýeterliliginiň giňeldilmegine aýratyn üns berýändigi hem nygtaldy.  


düýn 22:10
1.6k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
2.1k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 15:47
6.8k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

düýn 12:26
712

Türkmenistanyň wekiliýeti Bonndaky klimat maslahatyna gatnaşýar

Daşary gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine (UNFCCC SB64)......