Dünýäde bahasy has gymmatlaýan haryt toparlary kesgitlendi

  • 23.07.2021 10:06
  • 17k+

Inflýasiýa dünýä ykdysadyýetini çalt gurşap alýar diýip, has gymmatlan haryt toparlarynyň sanawyny düzen “Izwestiýa” neşiri ýazýar. Muny Day.Az ýetirýär.

Şeýlelikde, harytlaryň arasynda kofe gymmat bahalylyk rekordyny goýýar. Amerikan biržasynda soňky aýlarda däne bahalary 18 göterim ýokarlandy, Londonda “robusta” sorty tonnasyna 1750 dollara çenli gymmatlady. Kofäniň bahasynyň gymmatlamagynyň sebäbi Braziliýadaky güýçli gurakçylyk, koronawirus sebäpli kofehanalara barýanlaryň sanynyň azalmagy, şeýle-de Kolumbiýadaky we Wýetnamdaky logistiki meseleler boldy.
Mundan başga-da, benziniň bahasynyň ýokarlanmagy hem global meselä öwrüldi. Bu ABŞ-da we bahalary düzgünleşdirmeýän beýleki ýurtlarda nebitiň bahasynyň umumy ösüşi bilen baglanyşyklydyr. 
Neşiriň sanawynda kompýuter tehnikasy hem bar. Bu ýerde ýarymgeçirijileri öndüriji zawodlaryň ýapylmagyndan we gurluşlara hyrydarlygyň ýokarlanmagyndan başlap, birnäçe faktor rol oýnady. Tehnikadan başga-da, elektronika ýetmezçiligi awtomobil gurluşygy ýaly beýleki pudaklara hem täsirini ýetirdi.
“Izwestiýa” gurluşyk materiallarynyň hem gymmatlandygyny belleýär. Bu köp ýurtlarda çökgünlige garşy maksatnamalar bilen baglanyşyklydyr.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......