2022-nji ýylda Kann kinofestiwaly 17 – 28-nji maýda geçiriler

  • 22.07.2021 21:00
  • 2.6k+

2022-nji ýylda halkara Kann kinofestiwaly 17-nji maýdan 28-nji maý aralygynda geçiriler. Bu barada festiwalyň Twitter sahypasynda habar berilýär diýip, www.m24.ru belleýär.

Öň, guramaçylar çäräniň 10-njy maýdan 21-nji maý aralygynda geçirilmelidigini habar berdiler, ýöne soň bu seneleriň ýalňyşlyk bilen aýdylandygy belli boldy.

“Ýalňyş: 75-nji Kann festiwaly 2022-nji ýylyň 17-nji maýyndan 28-nji maýy aralygynda geçiriler” – diýlip, habarda aýdylýar.

2020-nji ýylda koronawirus pandemiýasy sebäpli, festiwal ýatyryldy, görkezilmegi meýilleşdirilen käbir lentalar kinoteatrlarda beýleki gözden geçirişleriň we tematiki görkezişleriň çäginde görkezildi. 2021-nji ýylda Kann kinofestiwalyny geçirmegiň senesi hem pandemiýa sebäpli yza süýşürilip, 6 – 17-nji iýulda geçirildi. Baş baýraga – “Altyn palma şahasyna” fransuz režissýory Juliýa Dýukornonyň “Titan” filmi mynasyp boldy.


19.06.2026 20:02
1.5k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

18.06.2026 22:30
3.9k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

17.06.2026 17:35
3.9k+

Mariýa-Antuanettä henizem hat ýazýarlar: Fontenblo köşgüne 4 müň hat geldi

Fransiýadaky Fontenblo köşgi «Galamyňyzy alyň-da, Mariýa-Antuanettä hat ýazyň!» diýen uly göwrümli çäräniň çäginde takmynan 4 müň hat aldy. Bu başlangyç Lýudowik XVI we Fransiýanyň soňky höküm süren şazenany......

13.06.2026 08:06
2.3k+

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....