Ispaniýada ÝB-däki iň beýik ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy

  • 22.07.2021 21:33
  • 13k+

Ispaniýada Ýewropa Bileleşiginde iň beýik ýaşaýyş jaýy bolan Intempo binasynyň gurluşygy tamamlandy diýip, “The Guardian” neşirine salgylanyp, Day.Az habar berýär.

Benidorm şäherindäki rekord goýujy binanyň beýikligi 187 metre barabar. Onuň goşa diňleri Ispaniýadaky iň tiz lift bilen hem öwnüp bilýärler. Bu liftler sekuntda 4,2 metr tizlik bilen hereket edip, ýokarky gata 52 sekuntda galyp bilýärler. 
Diňler ýokarsynda romb görnüşli gurluş bilen birleşdirilýär, ol ýerde penthausyň bahasy iki million ýewro töweregidir. Beýleki 47 gatda bahalar 257 000 ýewrodan başlaýar. Uniq Residential promouteriniň aýtmagyna görä, Intempo-nyň 256 otagynyň 100-si öňünden satyldy – 60%-i ispanlara, galanlary ruslara, skandinawlara, nemeslere we belgiýalylara.
Intempo 17 ýylyň dowamynda guruldy. Binanyň taslamasy 2004-nji ýylda hödürlendi we onuň gurluşygy 2009-njy ýyla çenli tamamlanmalydy. Munuň üçin, takmynan, 100 mln ýewro bölünip berildi. Ýöne 2008-nji ýyldaky ykdysady çökgünlik sebäpli işler togtadyldy. Intempo birnäçe ýyl mundan ozal binany 60 mln ýewro tölän SVP Global kompaniýasy satyn alýança, eýesini birnäçe gezek üýtgetdi. 
Şeýlelikde, şu ýylyň iýul aýynda Ýewropadaky iň beýik ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. Bina heniz ulanyşa girizilmedi, ýöne zerur taýýarlyk işleri eýýäm alnyp barylýar. 
Binanyň eýeleri diňiň açylmagynyň Benidormy Ortaýer deňzinde “Maýamä” öwürmekde möhüm ädimdigine ynanýarlar.


14.06.2026 14:04
3.5k+

ÝB-de Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt güýje girdi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2024-nji ýylyň maýynda kabul edilen Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt ÝB-niň ähli ýurtlarynda güýje girdi....

12.06.2026 07:53
3.3k+

Rim papasy dünýäniň iň beýik ybadathanasynyň baş diňini keramatlaşdyrdy

Barselona şäherinde taryhy waka bolup geçdi: Rim papasy Lew XIV meşhur Keramatly Maşgala ybadathanasynda (Sagrada Familiýa) messa geçirdi we Isa pygamberiň diňini keramatlaşdyrdy....

07.06.2026 10:00
3.9k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......

27.05.2026 14:36
5.2k+

«Aýyň ahyryna ýetip bilermikäm ýa asyryň ahyryna?»: Ispaniýa energetika öwürilişigi üçin 9 milliard ýewro goýberýär

Ispaniýanyň hökümeti raýatlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak we ýurduň ekologik ýagdaýyny üýtgetmek maksady bilen, täze Durmuş-klimat meýilnamasyny taýýarlady. Taslama laýyklykda, döwlet tarapyndan 9......