Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguzda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyşyna gatnaşdy

  • 22.07.2021 08:52
  • 24k+

21-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze ýaşaýyş jaý toplumynyň hem-de welaýat merkezinde gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Ýörite bellenilen ýere geçip, türkmen Lideri bu ýere ýygnananlara we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, biz zähmetsöýer adamlaryň ýaşaýan bereketli Daşoguz topragyna mukaddes Gurban baýramynyň bellenýän sahawatly günlerinde gowy sebäp bilen geldik diýip aýtdy.
Soňra döwlet Baştutany täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 3 gektardan gowrak meýdany bolan ýaşaýyş jaý toplumynda dört gatly jaýlaryň on bäşisi guruldy. Bu ýaşaýyş jaýlary ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki demir-beton önümleri kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna “Derkar” hojalyk jemgyýetiniň we “Merdana doganlar” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary işjeň gatnaşdylar. Daşoguz şäheriniň bu ýaşaýyş toplumynda durmuş düzümine degişli möhüm desgalar — çagalar baglary, oýun meýdançalary göz öňüne tutulypdyr. Jaýlaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, Daşoguz şäherinde ulanmaga berilýän 15 sany dört gatly, 368 öýli täze ýaşaýyş jaýy häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk guruldy. Olarda ýaşamak, dynç almak, çagalary terbiýelemek üçin ähli şertler döredildi. Şolardan 48 öý ýaşaýyş jaýyna mätäç adamlara niýetlenip bina edildi.
Soňra täze jaýa göçüp gelen köp çagaly bagtyýar maşgalanyň çakylygy boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow bagtly jaý eýeleriniň öýünde myhmançylykda boldy. Maşgalabaşy – kärendeçi Uzakbaý Esenow hormatly Prezidentimizi täze öýde garşylamagyň öz maşgalasy üçin uly mertebe hasaplaýandygyny aýtdy. Bagtly maşgalada 13 çaga — 8 ogul, 5 gyz kemala gelýär.
Türkmen Lideri täze öýleriň eýelerini jaý toýy bilen gutlap hem-de sowgatlary gowşuryp, olara täze ojakda bagtly ýaşamagy, maşgala abadançylygyny, saglyk we üstünlikleri arzuw etdi. Bilelikde surata düşülenden soň, täze öýüň eýeleri, öz nobatynda, döwlet Baştutanyna türkmen halkynyň asylly däbine eýerip, toý düwünçegini gowşurdylar.


22.04.2026 14:54
3.1k+

Bedew baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde täze jaýlaryň açarlary gowşurylar

Arkadag şäherinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna işjeň taýýarlyk görülýär. Bu baýram mynasybetli şäher ilatyna täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak meýilleşdirilýär diýip, häkim......

22.04.2026 14:35
6.8k+

Arkadag şäherinde Gün elektrik bekedi we Arkadag merkezi gurlar

Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik we......

22.04.2026 14:28
7.8k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen mekdebi döwrebaplaşdyrmak işleri bilen tanyşdy

21-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebi döwrebaplaşdyrmak......

05.04.2026 10:18
11k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki metjidiň gurluşyk meýdançasyna baryp gördi

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda 30 müň adama niýetlenen metjidiň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada 4-nji aprelde «Watan» habarlar......