Türkmen olimpiýaçylarynyň Tokiodaky çykyşlarynyň wagtlary

  • 20.07.2021 16:00
  • 10k+

23-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistandan 9 türgen 4 ugur boýunça bäsleşer. Şunuň bilen baglylykda, TmCars.info türkmen türgenleriniň Olimpiýa oýunlarynda çykyş etjek günlerini dykgatyňyza ýetirýär.

24-nji iýulda ilkinji bolup suwda ýüzmek boýunça türgenlerimiz ýaryşa goşular. Bu ýerde Merdan Ataýew 100 we 200 metr aralykda, Dariýa Semenowa bolsa 100 metre aralykda bäsleşer.
25-nji iýulda dzýudo boýunça bäsleşikler geçiriler. Bu ýaryşda 52 kilogram agramda Gülbadam Babamuratowa çykyş eder.
26-njy iýulda 55 kilogram agramda Kristina Şermetowa agyr atletika boýunça bäsleşige goşular.
27-nji iýulda 59 kilogram agramda Polina Gurýewa agyr atletika boýunça medally orunlar üçin bäsleşer.
31-nji iýulda Olimpiýa oýunlarynda 81 kilogram agramda türkmen agyr atletikaçysy Rejepbaý Rejepow sport meýdançasyna çykar.
2-4-nji awgustda Mergen Mämmedow ýeňil atletika boýunça ýaryşa goşular.
3-nji awgustda Öwez Öwezow 109 kilogram agramda dünýäniň öňdebaryjy agyr atletikaçylary bilen bäsleşer.
4-nji awgustda Hojamuhammet Toýçiýew 109 kilogram agramda agyr atletika boýunça ýaryşa goşular.

Tokiodaky Olimpiýa oýunlaryna Russiýanyň “Rossiýa 1”, "Perwyý kanal" hem-de “Matç TW” ýaýlymlaryndan tomaşa etmek bolar.


11.06.2026 08:03
3k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....