Tokio-2020: türkmen Olimpiýaçylary bilen ýakyndan tanyşmak isleýärsiňizmi?

  • 18.07.2021 09:41
  • 26k+

23-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda geçiriljek dünýäniň iri sport baýramçylygyna — XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy topary 17-nji iýulda Tokio şäherine ugrady. Ozal habar berşimiz ýaly, nobatdaky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň adyndan 9 sany türgen wekilçilik edip, olar sportuň dört görnüşi — dzýudo, ýeňil atletika we agyr atletika, suwda ýüzmek boýunça bäsleşiklerde çykyş ederler.

TmCars.info «Türkmenistan» gazetinde berlen maglumatlara salgylanyp, oýunlaryň öň ýanynda Tokio Olimpiadasyna gatnaşýan türkmen Olimpiýaçylary bilen saýtymyzyň okyjylaryny ýakyndan tanyşdyrmak isledi.

Hojamuhammet TOÝÇYÝEW
Doglan senesi: 16.01.1992 ý.
Çykyş etjek sport görnüşi: agyr atletika, 109 kilogramdan ýokary agram derejesinde.
Halkara üstünlikleri: Ýaşlaryň arasyndaky klublaýyn Aziýa çempionatynda (2011 ý.), VI Halkara raýdaşlyk çempionatynda (2020 ý.) altyn;
Ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda (2010 ý.), ulularyň arasyndaky Aziýa çempionatynda (2016 ý.), Kataryň kubogy ugrundaky IV halkara ýaryşda (2016 ý.), Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda (2017 ý.), dünýä çempionatynda (2019 ý.) kümüş;
Aziýanyň klublaýyn çempionatynda (2011 ý.), III Bütindünýä uniwersiadasynda (2012 ý.), Aziýa çempionatynda (2017, 2019 ýý.), türkiýeli agyr atletikaçy Naýym Süleýmanoglunyň hatyrasyna geçirilen halkara ýaryşda (2019 ý.) bürünç medalyň eýesi.
Ýaryşjak wagty: 4-nji awgust, Tokio halkara forumynyň binasy. Bu agram derejesinde Olimpiýa medallary üçin 14 türgen ýaryşar. Biziň ildeşimiz reýting-sanawy boýunça bu türgenleriň arasynda ilkinji altylyga girýär.

Kristina ŞERMETOWA
Doglan senesi: 25.05.1993 ý.
Çykyş etjek sport görnüşi: agyr atletika, 55 kilograma çenli agram derejesinde.
Halkara üstünlikleri: Aziýanyň klublaýyn çempionatynda (2011 ý.), türkiýeli agyr atletikaçy Naýym Süleýmanoglunyň hatyrasyna geçirilen halkara ýaryşda (2019 ý.) altyn;
Ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň klublaýyn çempionatynda (2011 ý.), dünýä çempionatynda (2017 ý.), XVIII Aziýa oýunlarynda (2018 ý.) kümüş;
Aziýa çempionatynda (2017 ý.), Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda (2017 ý.), VI Halkara raýdaşlyk çempionatynda (2020 ý.) bürünç medalyň eýesi.
Ýaryşjak wagty: 26-njy iýul, Tokio halkara forumynyň binasy. Bu agram derejesinde Olimpiýa medallary üçin 14 türgen ýaryşar. Agram derejesindäki dünýä rekordlarynyň biri (silterlemek — 102 kilogram) 2018-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen dünýä çempionatynda hytaýly türgen Li Ýajun tarapyndan goýuldy. Biziň ildeşimiz 14 türgeniň reýting-sanawynda ilkinji ýedilige girýär.

Rejepbaý REJEBOW
Doglan senesi: 23.02.1992 ý.
Çykyş etjek sport görnüşi: agyr atletika, 81 kilograma çenli agram derejesinde.
Halkara üstünlikleri: Aziýanyň klublaýyn çempionatynda (2011 ý.), Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda (2017 ý.), Kataryň kubogy ugrundaky V halkara ýaryşda (2018 ý.) altyn;
Aziýa çempionatynda (2017 ý.), dünýä çempionatynda (2017 ý.) kümüş;
Dünýäniň kubogy ugrundaky ýaryşda (2019 ý.), Aziýa çempionatynda (2021 ý.) bürünç medalyň eýesi.
Ýaryşjak wagty: 31-nji iýul, Tokio halkara forumynyň binasy. Bu agram derejesinde Olimpiýa medallary üçin 14 türgen ýaryşar. Biziň ildeşimiz öz agram derejesinde Oýunlara gatnaşjak ähli garşydaşlarynyň arasynda reýting-sanawda ilkinji dörtlüge girýär.

Polina GURÝEWA
Doglan senesi: 05.10.1999 ý.
Çykyş etjek sport görnüşi: agyr atletika, 59 kilograma çenli agram derejesinde.
Halkara üstünlikleri: IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda (2017 ý.) altyn;
Aziýanyň kubogy ugrundaky III halkara ýaryşda we ýaşlaryň arasyndaky klublaýyn yklym çempionatynda (2014) kümüş;
Ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda (2018) bürünç medalyň eýesi.
Ýaryşjak wagty: 27-nji iýul, Tokio halkara forumynyň binasy. Bu agram derejesinde Olimpiýa medallary üçin 14 türgen ýaryşar. Biziň ildeşimiz öz agram derejesinde Oýunlara gatnaşjak ähli garşydaşlarynyň arasynda reýting-sanawda ilkinji ýedilige girýär.

Öwez ÖWEZOW
Doglan senesi: 11.06.1997 ý.
Çykyş etjek sport görnüşi: agyr atletika, 109 kilograma çenli agram derejesinde.
Halkara üstünlikleri: Ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda (2013 ý.) altyn medalyň eýesi. Şeýle hem ol 2013-nji ýylda ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda we 2019-njy ýylda dünýäniň kubogy ugrundaky ýaryşda ilkinji bäşlige girdi.
Ýaryşjak wagty: 3-nji awgust, Tokio halkara forumynyň binasy. Bu agram derejesinde Olimpiýa medallary üçin 14 türgen ýaryşar. Bu agram derejesinde ştangany götermegiň iki görnüşi boýunça 2018-nji ýylda Aşgabatda goýlan dünýä rekordy heniz hem täzelenenok.

Mergen MÄMMEDOW
Doglan senesi: 24.12.1990 ý.
Çykyş etjek sport görnüşi: ýeňil atletika, ýekedaban zyňmak.
Halkara üstünlikleri: 2012-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjy. Halkara ýaryşlara 2007-nji ýyldan bäri gatnaşyp gelýär. 2019-njy ýylda Dohada geçirilen Aziýa çempionatynyň final tapgyryna çenli çykmagy başardy.
Ýaryşjak wagty: 2 — 4-nji awgust aralygynda, Tokio şäherindäki Milli Olimpiýa stadiony.

Merdan ATAÝEW
Doglan senesi: 08.05.1995 ý.
Çykyş etjek sport görnüşi: suwda ýüzmek, 100 we 200 metr aralyga, arkanlygyna.
Halkara üstünlikleri: Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň (2017 ý.) kümüş medalynyň eýesi. Şeýle hem şu ýylyň aprel aýynda geçirilen Özbegistanyň açyk çempionatynda bir altyn we bir kümüş medal gazandy.
Ýaryşjak wagty: 24-nji iýul — 2-nji awgust. Sportuň suwdaky görnüşleri toplumy.

Darýa SEMÝONOWA
Doglan senesi: 28.05.2002 ý.
Çykyş etjek sport görnüşi: suwda ýüzmek, 100 metr aralyga, bras usulynda.
Halkara üstünlikleri: Özbegistanyň açyk çempionatynda (2021 ý.) bir altyn, bir kümüş medalyň eýesi. 2016-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjy. Aşgabat — 2017-niň öňüsyrasynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýanyň çempionatynyň kümüş medalyna mynasyp boldy.
Ýaryşjak wagty: 24-nji iýul — 2-nji awgust. Sportuň suwdaky görnüşleri toplumy.

Gülbadam BABAMURADOWA
Doglan senesi: 24.08.1991 ý.
Çykyş etjek sport görnüşi: dzýudo, 52 kilograma çeni agram derejesinde.
Halkara üstünlikleri: Halkara dzýudo federasiýasynyň geçirýän Grand-pri ýaryşlarynda 2015 — 2018-nji ýyllar aralygynda altyn, kümüş we bürünç medallaryň eýesi. 2014-nji ýyldaky Aziýa oýunlarynyň kümüş, 2016-njy ýyldaky Aziýa çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi.
Ýaryşjak wagty: 25-nji iýul, Tokio şäherindäki «Nippon Budokan» sport toplumy.


düýn 12:10
5.2k+

«Arkadag» FK bassyr üçünji ýyl wagtyndan öň Türkmenistanyň çempiony boldy

«Arkadag» futbol kluby bassyr üçünji ýyl wagtyndan öň Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýeňijisi boldy. Çempionatyň nobatdaky tapgyrynda Aşgabatda geçirilen duşuşykda “Arkadag” “Ahal” toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy...

25.10.2025 17:52
6.8k+

“Altyn Asyr” AFK-nyň Çagyryş ligasynda “Abdyş-Atany” utdy

“Altyn Asyr” futbol kluby AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparlaýyn tapgyryna şowly başlady. Ol ilkinji oýunda “Abdyş-Ata” gyrgyz klubuny 1:0 hasabynda utdy. Oýun 25-nji oktýabrda geçirildi. Oýunda ýeke-täk goly 58-nji minutda Myrat Annaýew geçirdi...

24.10.2025 10:48
9.5k+

Türkmenistanda iň çalt gol hasaba alyndy. Ol 4-nji sekuntda geçirildi

Ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 22-nji tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygynda Türkmenistanda iň çalt gol hasaba alyndy. «Şagadamyň» ýaşlar düzümi bilen geçirilen duşuşykda «Merw II» toparyndan Muhammet Allaberdiýew duşuşygyň 1-nji minutynda topy meýdanyň orta gürpünden derwezä depip, toparyny öňe saýlady...

24.10.2025 10:01
1.7k+

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň maslahatynda sportuň arassalygyny goramak we dopinge garşy göreş tagallalaryna goldawyny bildirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti Sportda dopinge garşy göreş baradaky Halkara konwensiýasynyň Taraplarynyň Maslahatynyň 10-njy sessiýasyna (COP10) gatnaşdy. Mejlis Fransiýanyň Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda 20-22-nji oktýabr aralygynda geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...