Türkmen karateçileri Bad-Nauhaýmda geçiriljek halkara çempionatyna ugrady

  • şu gün 19:23
  • 1.2k+

Türkmenistanyň kiokuşinkaý karate boýunça milli ýygyndy topary Germaniýanyň Bad-Nauhaým şäherinde geçiriljek International Championship halkara ýaryşyna gatnaşmak üçin ugradylar.

Bu bäsleşik 22–23-nji maý aralygynda geçiriler. Onda Ýewropanyň, Aziýanyň, Demirgazyk Amerikanyň we Afrikanyň iň güýçli türgenleri çykyş eder.

Türkmen wekiliýetine Begmyrat Baýramow ýolbaşçylyk edýär. Ýygyndy toparyň düzümine sekiz sany türgen girdi: toparyň kapitany Meýlis Paşagulyýew, Annadurdy Gurbangylyjow, Aýmyrat Ýediýew, Şyhnazar Şirzadow, Myrat Ekäýew, Ali Begmyradow, Jeýhun Baýrammämmedow we Aýnur Nurjanowa.

Çempionatda Türkmenistanyň eminler geňeşine Myradaly Amanow wekilçilik eder.


şu gün 11:27
2k+

Türkmen agyr atletikaçylary Aziýa çempionatynda bir kümüş we dört bürünç medal aldy

2026-njy ýylyň 9-17-nji maýy aralygynda Hindistanyň Gandinagar şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş etdi. Türkmen türgenleri bu abraýly......

19.05.2026 16:26
7.3k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

19.05.2026 14:50
5.4k+

Türkmenistan 42 medal bilen jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda birinji orny eýeledi

Türkmenistanyň ýygyndy topary Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen kontakt jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda 42 medal gazanyp, toparlaýyn hasapda birinji ýeri eýeledi....

14.05.2026 15:38
2.4k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....