Şanhaýda dünýädäki iň uly planetariý resmi taýdan açyldy

  • 20.07.2021 10:13
  • 5.4k+

Dünýädäki iň ulusy bolan Şanhaýdaky planetariý ýekşenbe güni resmi taýdan myhmanlary kabul edip başlady. Toplumyň töwereginde ir bilen uly nobat peýda boldy. Planetariýniň içine diňe öňünden satyn alnan petek bilen ýazylmak arkaly girip bolýardy. Geljek hepde üçin ähli petekler satuw başlanandan birnäçe sagadyň içinde satyldy. Ilkinji iş güni toplumyň ýerleşýän ýerinde bir kilometr aralykdaky awtoduralgalaryň ählisi diýen ýaly doldy. Netijede, sürüjiler bir awtoulag ýerini boşadýança, nobatlaryna garaşmaly boldular diýip, TASS habar berýär.

Resmi açylyşdan öň, planetariýniň administrasiýasy myhmanlary kabul edip başlamazdan ozal desganyň işleýşini barlamak üçin birnäçe gün “Açyk gapylar gününi” geçirdi. 18-nji iýulda, planetariýniň ilkinji iş gününde myhmanlaryň sany 6 müň töweregi boldy.
Gurluşygy 2016-njy ýylyň noýabrynda başlan toplum Pudun etrabynyň Lingan erkin söwda zolagynda ýerleşýär. Esasy binanyň umumy meýdany 38 müň inedördül metr, tutuş toplumyň umumy meýdany 58,6 müň inedördül metre barabar.
Planetariý esasy we goşmaça binalardan, şol sanda ýaşlar üçin gözleg merkezinden we iki jemgyýetçilik obserwatoriýasyndan ybarat. Myhmanlar sergi böleginde 70 töweregi düri meteorit böleklerini, Aýyň, Marsyň we Westa asteroidiniň artefaktlaryny görüp bilerler. Şeýle-de, planetariýniň myhmanlary emeli intellekt tehnologiýasynyň, wirtual we üsti ýetirilen reallygyň kömegi bilen Älem giňişligine aralaşmaga mümkinçilik alarlar.


şu gün 16:56
832

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

şu gün 12:41
1k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

şu gün 11:09
1.1k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

düýn 06:42
5.4k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....