Inženerler gajetlere barmagyň kömegi bilen zarýad bermegi öwrendiler

  • 19.07.2021 18:59
  • 8.8k+

Amerikan alymlary adam barmaklaryndan energiýa öndürmäge mümkinçilik berýän gurluşy döretdiler. Bu barada “SlashGear” neşiri habar berýär diýip, lenta.ru belleýär.

San-Diegodaky Kaliforniýa uniwersitetiniň gözlegçileri tarapyndan işlenip düzülen gurluşyň prototipi barmaklardan energiýa almaga ukyply. Ol inçe zolak görnüşinde bolup, falangalaryň ujuna berkidilýär. Has köp mukdarda elektrik der bölünip çykanda we barmak üstler bilen gatnaşyga girende öndürilýär (elektrik pýeza täsiri). 
Alymlar elektrik energiýasyny adam ýatan wagtynda hem almagy öwrendiler. Ýöne, bu oýlap tapyş haçan-da aksessuary göterijiniň barmaklary belli bir üstlere degende – klawiaturada tekst ýyglanda, pianino çalnanda we hatda stola kakylanda-da has gowy netije berýär. Geljekde emele gelen energiýa käbir gajetlere zarýad bermek üçin ulanylyp bilner.
Energiýanyň köp bölegi hemişe çyglylygy çykarýan barmaklaryň ujy bilen öndürilen derden emele gelýär. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, her barmakda müňlerçe mäz saklanýar – olar bedeniň beýleki ýerlerinden ýüzlerçe esse köp derleýär.
Bu enjama bagyşlanan YouTube wideosynda özboluşly plastyryň deri özüne siňdirip, ony elektrik energiýasyna öwürýän kömür köpürjikli elektrodlardan ybaratdygy aýdylýar. 10 sagat ukynyň dowamynda gurluş tas 400 millijoul energiýa ýygnap bilýär, bu bolsa elektrik sagadyny 24 sagat işletmäge ýeterlikdir.


şu gün 14:13
3.2k+

Google ABŞ-ny, Aziýany, Awstraliýany we Afrikany optiki süýümli kabel arkaly baglajak bolýar

Google kompaniýasy U.S.-India Connection atly ägirt infrastruktura taslamasyna başlandygyny yglan etdi. Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin 15 milliard dollar sarp etmek meýilleşdirilýär. Taslama ABŞ-ny, Aziýany, Awstraliýany we Afrikany birleşdirjek täze suwasty we gury ýer optiki süýümli liniýalarynyň ulgamyny gurmagy göz öňünde tutýar...

düýn 14:34
2k+

Işden soňra rahatlyk: Xiaomi ýadaw gözler üçin akylly massažor çykardy

Xiaomi kompaniýasy göze dynç bermek üçin niýetlenen Xiaomi Smart Massage Eye atly täze enjamy hödürledi. Bu döwrebap gajet köp wagtyny kompýutere ýa-da smartfona seredip işlemeli bolýan adamlar üçin niýetlenip, göreçleriň ýadawlygyny aýyrmaga kömek edýär...

20.02.2026 21:38
2.5k+

Hytaýly alymlar simsiz aragatnaşygy rekord 400 Gbit/s çenli tizlige çykaryp bildiler

Pekin uniwersitetiniň alymlary Pençen barlaghanasy, Şanhaý tehnologiýa uniwersiteti we maglumat optoelektronika pudagynda Milli innowasiýalar merkezi bilen hyzmatdaşlykda optiki süýümli we simsiz maglumat geçirijiligi birleşdirýän dünýäde ilkinji gibrid ulgamy işläp düzdi...

20.02.2026 18:09
2.2k+

Baktériýadan hem kiçi QR-kod döredildi: göze görünmeýän rekord

Alymlar dünýäde iň kiçi QR-koduny döretdiler. Ol eýýäm Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.  Koduň ölçegi öňki hasaba alnan rekordyň üçden bir bölegi ýaly, şonuň üçin ony adaty göz bilen görjek gümanyň ýok. «Biziň döreden gurluşymyz şeýle bir inçe welin, ony optiki mikroskoplaryň kömegi bilenem görüp bolmaýar» diýip, professor Pol Maýrhofer düşündirdi...