9620 inedördül metr meýdanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyrylar

  • 19.07.2021 14:48
  • 7.7k+

6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna degişli 9 müň 620 inedördül metr meýdanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisi üçin gurnama işleri alnyp barylýar.

Onda milli pawilýonlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň pawilýonlaryny ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.
Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M.Çakyýewiň hasabatynda aýdyldy. Şeýle-de foruma gatnaşyjylary hem-de daşary ýurtly myhmanlary aragatnaşyk we ýokary tizlikli internet hyzmatlary, şeýle hem ulag serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.


08.06.2026 17:48
7.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

04.06.2026 00:36
3.6k+

Merkezi Aziýada ilkinji: Yssyk-kölde seýrek duş gelýän haýwanlary dikeldiş merkezi gurulýar

Yssyk-köl döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde «Ak Ilbirs» ylmy-gözleg we dikeldiş merkeziniň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Bu barada Gyrgyzystanyň Tebigy serişdeler, ekologiýa we tehniki gözegçilik......

21.05.2026 08:57
3.4k+

Gazagystanda Merkezi Aziýada ilkinji bolup eVTOL aerotaksisi synagdan geçirildi

Gazagystanyň Almaty şäheriniň golaýyndaky Alatau şäherinde Merkezi Aziýada ilkinji gezek eVTOL aerotaksisiniň synag uçuşy geçirildi. Synag uçuşy howpsuzlyk talaplaryna laýyklykda ýolagçysyz amala aşyryldy....

16.05.2026 17:22
5.6k+

25-nji maýdan Aşgabat – Awaza ugry boýunça awtobus gatnawy ýola goýlar

«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ 2026-njy ýylyň 25-nji maýyndan başlap, Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawynyň başlanjakdygyny mälim etdi. Täze ugur tomus möwsüminde raýatlaryň Hazar......