Giňişleýin Hökümet mejlisi: haýsy meselelere garaldy?

  • 19.07.2021 14:53
  • 14k+

17-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda öňde duran wezipeler hem-de şu ýylyň ikinji ýarymy üçin daşary syýasy işler, şeýle hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Baýramçylygyň öň ýanynda meýilleşdirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi esasy wakalaryň biri bolar.

Bellenilişi ýaly, awgust aýynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, soňra bolsa Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler. Bu çäre üçtaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge ýardam berer. Bulardan başga-da, ýurdumyzda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji forumyny hem-de Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň 6-njy duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan çärelere ençeme döwlet Baştutanlaryny, meşhur syýasatçylary we alymlary çagyrmak meýilleşdirildi.
Mejlisiň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri şu ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de halkara forumlaryň çäklerinde guraljak ikitaraplaýyn duşuşyklara, sergilere, maslahatlara görülýän taýýarlyk işleri barada giňişleýin maglumatlary berdi. Şol bir wagtda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň jemleri boýunça degişli resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.


şu gün 18:04
216

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

şu gün 16:40
1.2k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

şu gün 15:43
1.9k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

şu gün 15:12
1.3k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......