Nowak Jokowiç Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýandygyny tassyklady

  • 18.07.2021 09:02
  • 2.5k+

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar. Bu barada türgen özüniň Twitter sahypasynda habar berdi diýip, TASS belleýär.

“Men Tokio gitmäge hyýallanýandygyma we Olimpiýa oýunlarynda medal ugrundaky göreşde Serbiýanyň milli ýygyndysyna goşulýandygyma buýsanýaryn. Sebäbi Serbiýa üçin çykyş etmek hemişe aýratyn şatlyk we höwesdir” – diýip, Jokowiç aýtdy.

Jokowiç Professional tennisçileriň Assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginde birinji orny eýeleýär. Ol iýul aýynda yzygider üçünji gezek “Wimbledonyň” ýeňijisi bolup, “Uly tuwulga” ýaryşlarynda 20-nji tituly gazandy. Şeýlelik bilen, bu görkeziji boýunça Rafael Nadal hem-de Rojer Federer bilen deňleşdi. Ol dokuz gezek Awstraliýanyň Açyk çempionatynyň, alty gezek “Wimbledonyň”, üç gezek ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň we iki gezek Fransiýanyň Açyk çempionatynyň ýeňijisi boldy. Onuň hasabynda ATP ýaryşlarynda jemi 85 ýeňşi bar. Şeýle-de, Jokowiç 2008-nji ýylda Pekinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň bürünç baýrakçysydyr.
Öň, olimpiýa çempionlary ispaniýaly Rafael Nadalyň (ATP reýtinginde 3-nji belgi) we şweýsariýaly Rojer Federeriň (9), şeýle-de awstriýaly Dominik Timiň (6) we kanadaly Denis Şapowalowyň (10) Tokio gitmeýändigi belli boldy.
Zenanlaryň arasynda Sofiýa Kenin (Zenanlaryň tennis assosiasiýasynyň reýtinginde 4-nji orun), kanadaly Býanka Andreýesku (5), Belarusdan Wiktoriýa Azarenko (14), dört gezek olimpiýa çempiony amerikaly Serena Uilýams (16) çykyş etmez.


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......