USAID türkmen miwe-gök önümlerini eksport edijiler üçin degişli telefon nokatlaryny işe girizdi

  • 17.07.2021 01:03
  • 9.9k+

ABŞ-nyň Halkara Ösüş Agentligi (USAID) Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň goldaw bermeginde türkmen miwe-gök önüm öndürijilerine eksport meseleleri boýunça maslahat bermek üçin degişli telefon nokatlaryny açdy. Bu barada TSTB-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Bu başlangyç, tejribesiz üpjün edijilere daşary söwdanyň çylşyrymly düzgünlerinden has gowy baş çykarmaga ýardam edip, öňdebaryjy täjirçilik tejribesini öwrenmage mümkinçilik döreder.
Telefon we internet arkaly berilýän maslahat hyzmatlarynda daşary ýurtly hyzmatdaşyň täjirçilik talaplaryna we tekliplerine baha bermek, daşary söwda hyzmatdaşlarynyň edenliligini kesgitlemek üçin barlag geçirmek arkaly töwekgelçilikleri azaltmagyň usullary, halkara söwdasynda (“INCOTERMS”) bitewi düzgünleriň ulanylmagy, daşary ýurt gümrük nyrhlaryny kesgitlemek, şeýle hem beýleki peýdaly gurallary öwrenmek üçin bazar gözlegleri gurallaryny ulanmak ýaly eksporta gönükdirilen işler barada habar berilýär.
Degişli telefon nokatlary 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 30-njy sentýabryna çenli işlär. Maslahatlar türkmen we rus dillerinde berler.
Degişli telefon nokatlary bilen baglanyşykly ähli soraglar boýunça şu e
lektron salgylara Batyr_Gurbangeldiyev@dai.comctjexportsupport@dai.com hem-de telefona — +993 65 500 652 ýüz tutup bilersiňiz.
USAID-iň bäsdeşlik ukyby, söwda we iş orunlaryny döretmek taslamasy, 2020-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistandaky miwe-gök önümleri öndürijilerine eksporty ulaltmak boýunça maslahat bermegiň degişli telefon nokatlarynyň tapgyryny işe girizdi. Öňki iki degişli telefon nokatlary, agronomiýa goldawyna we önümi daşary ýurt bazarlaryna çykarmagyň talaplaryna gönükdirilendi.


15.05.2026 14:43
10k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 18:54
5.5k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

12.05.2026 20:41
13k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

03.05.2026 23:48
6.3k+

Awtoulag öndürijiler ABŞ-dan milliardlarça dollar kompensasiýa talap edýärler

Iri awtoulag öndürijileri ABŞ-da öň tölenen gümrük salgytlary üçin takmynan 2,3 milliard dollar möçberinde kompensasiýa garaşýarlar....