Günbatar sebitiň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglarynyň 10-sy sowgat berildi

  • 15.07.2021 10:29
  • 13k+

Türkmen Lideri Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan welaýatyň etraplarynyň we şäherleriniň hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-syny sowgat bermek baradaky karara gelendigini habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Jebeldäki täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak dabarasyndan soňra awtoulagynda Balkanabada, “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine ugrady we ýolda şäheriň “Gaýragoýulmasyz Tiz kömek” merkeziniň golaýynda saklandy. Ýurdumyzda täze döredilen haýyr-sahawat gaznasyndan welaýatyň etraplarynyň we şäherleriniň hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-syny sowgat bermek baradaky karara gelendigini aýdyp, türkmen Lideri saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.


26.12.2024 17:06
8.3k+

Türkmenistan saglygy goraýyş edaralaryny we welaýatlaryň onkologiýa merkezlerini bir bitewi intellektual tora birikdirer

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara saglyk merkezleri müdiriýetinde hem-de Halkara okuw-ylmy merkezinde seljeriş-intellektual bölümi döretmek, bu merkezi öz işine ökde hünärmenler...

26.12.2024 16:57
8.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýşa ylmyň gazananlarynyň ornaşdyrylyşyna nägilelik bildirdi

25-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedowyň we Çoganly ýaşaýyş toplumynda gurulýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki...

26.12.2024 10:37
13k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň demirgazygynda “Çoganly” ýaşaýyş toplumynyň çäginde gurulýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki...

09.12.2024 08:35
12k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna 2024-nji ýylda 261 sany operasiýa geçirildi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýüztutmalar esasynda näsag çagalara jemi 500-den gowrak operasiýa geçirildi...