Balkanabatda 3000 orunlyk «Türkmeniň ak öýi» toplumy açyldy

  • 15.07.2021 10:25
  • 5.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Balkanabat şäherinde “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Günbatar sebitde açylan täze “Türkmeniň ak öýi” binasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda guruldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmeniň ak öýi” binasynyň bezegi we abadanlaşdyrylyşy, onuň keşbindäki şähergurluşyk ulgamyndaky öňdebaryjy gazanylanlar hem-de milli binagärligiň iň gowy däpleri, dürli derejedäki çäreleri, baýramçylyk dabaralaryny geçirmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.
Ägirt uly ak öý görnüşinde bina edilen “Türkmeniň ak öýi” binasy 3000 adama niýetlenilendir. Durmuş üpjünçilik ulgamynyň toplumy bilen üpjün edilen bu bina häzirki zaman gurluşyk hem-de timarlaýyş serişdeleri esasynda guruldy. Onuň içki bezeginde ulanylan milli binagärlik sungatynyň usullary hem-de haly nagyşlary aýdyň milli öwüşgini bilen tapawutlanýar.
“Türkmeniň ak öýi” toplumynda zerur häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen giň konsert zaly, iş otaglary we beýleki ugurdaş otaglar, eýwan göz öňünde tutuldy. Bu 3 müň orunlyk sadaka üçin aýratyn binany hem öz içine alýan tutuş desgalar toplumydyr.
Täze desga bilen tanyşlygyny tamamlandan soňra, türkmen Lideri welaýatyň sungat ussatlarynyň konsertine gatnaşdy we Balkanabat şäherinde gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasynda işlejek döredijilik toparlary üçin niýetlenilen täze awtobusy sowgat berdi hem-de bu ýerde guralan baýramçylyk sadakasyna gatnaşdy.


03.05.2026 14:32
15k+

Arkadag şäherinde bilim alýanlar üçin birnäçe talyp haklary giriziler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň......

03.05.2026 13:49
7.1k+

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda 4284 maşgala üçin ýaşaýyş jaýlary gurlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet......

03.05.2026 13:30
1.5k+

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Bakuda Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň mejlisine gatnaşar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we......

22.04.2026 14:54
3.7k+

Bedew baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde täze jaýlaryň açarlary gowşurylar

Arkadag şäherinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna işjeň taýýarlyk görülýär. Bu baýram mynasybetli şäher ilatyna täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak meýilleşdirilýär diýip, häkim......