Balkan welaýatynda Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbi tutuldy

  • 15.07.2021 10:22
  • 13k+

14-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak hem-de welaýat merkezi Balkanabat şäherinde “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

TmCars.info-nyň ozal hem habar berşi ýaly, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde düýbi tutulan täze Halkara howa menzili sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenendir. Potratçysy bäsleşik esasynda kesgitlenjek bu halkara toplumyň gurluşygy ýurdumyzyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Karz ylalaşygyna laýyklykda maliýeleşdirilýär.
200-e golaý işgär işlejek täze Halkara howa menziliniň umumy meýdany 275 gektara barabar bolar. Taslamanyň düzüminde birnäçe binalardyr desgalar bar. Olaryň hatarynda ýolagçy we ýük terminallaryny, howa hereketini dolandyryş diňini, halas ediş hem-de ýangyna garşy göreş gulluklarynyň binasyny görkezmek bolar. Bu ýerde uzynlygy 3 müň 200 metr bolan döwrebap uçuş-gonuş zolagy, iki öwrüm ýollary, alty howa gämisine hem-de dört dikuçara niýetlenen meýdança hem gurlar. Ýöriteleşdirilen aerodrom we howa gämilerine ýerüsti hyzmat ediş gulluklarynyň binalary, jemi 15 sany esasy desga bina ediler. Uçarlara ýerüsti hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin täze Halkara howa menzilini dürli görnüşli 45 sany ýöriteleşdirilen ýerüsti tehnikalar bilen üpjün etmek hem göz öňünde tutulýar.
Täze Halkara howa menzili howa ulaglary arkaly ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberlerini artdyrmakda, Türkmenistany ykdysady taýdan has-da ösdürmekde, halka döwrüň talaplaryna laýyk hyzmat etmekde wajyp orny eýelär.
Döwlet Baştutany Jebel şäherçesindäki täze guruljak Halkara howa menzili hem-de onuň esasy häsiýetnamalary barada anyk düşünje almaga mümkinçilik berýän wideoşekilleri synlap, ýadygärlik ýazga gol çekdi we ony ýörite gutujyga salyp, geljekki howa menziliniň binýadyna goýdy. Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyga badalga berip, täze howa menziliniň binýadyna pil bilen beton guýdy.


03.05.2026 14:32
14k+

Arkadag şäherinde bilim alýanlar üçin birnäçe talyp haklary giriziler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň......

03.05.2026 13:49
6.9k+

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda 4284 maşgala üçin ýaşaýyş jaýlary gurlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet......

03.05.2026 13:30
1.4k+

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Bakuda Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň mejlisine gatnaşar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we......

22.04.2026 14:54
3.6k+

Bedew baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde täze jaýlaryň açarlary gowşurylar

Arkadag şäherinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna işjeň taýýarlyk görülýär. Bu baýram mynasybetli şäher ilatyna täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak meýilleşdirilýär diýip, häkim......