“Blue Origin” 20-nji iýulda kosmosa uçmak üçin FAA-dan rugsat aldy

  • 15.07.2021 09:41
  • 5.5k+

ABŞ-nyň Federal awiasiýa administrasiýasy (FAA) Blue Origin kompaniýasynyň "New Shepard" kosmos gämisiniň ilkinji ýolagçyly uçuşyna ygtyýar berdi. Uçuş 20-nji iýulda amala aşyrylar diýip, habr.com habar berdi.

Blue Origin raketasy Jeff Bezosy, onuň dogany Marky, 81 ýaşyndaky zenan uçarmany, şeýle hem uçuş howpsuzlygy boýunça gözegçi Uolli Fanky we beýleki üç ýolagçyny kosmosyň şertli araçägine - takmynan, 100 kilometr belentlikde ýerleşýän Karman zolagyna elter.
Ygtyýarnama almak üçin Blue Origin “New Shepard”-yň enjamlaryny we programma üpjünçiligini barlagdan geçirmeli boldy. Synag uçuşy 14-nji aprelde geçirildi we FAA Blue Origin-iň ýolagçy raketasynyň kadalaşdyryjy talaplara laýyk gelýändigini tassyklady. FAA-nyň ygtyýarnamasy awgust aýyna çenli hereket edýär.
Uçuş wagtynda ýolagçy raketasy gämini onlarça kilometr belentlige çykarar we şondan soň ýolagçyly kapsula gämiden aýrylyp, Karman liniýasyna tarap ugrar. Kapsula gämiden aýrylandan soň, ekipaž birnäçe minutlap nol agyrlyk güýjünde bolar.
Ýeri gelende bellesek, Blue Origin ilkinji uçuş biletini auksionda 28 million dollara satdy we bilet satyn alan ilkinji ýolagçynyň ady heniz mälim edilmedi.
Belläp geçsek, 11-nji iýulda Blue Origin-iň bäsdeşi, Virgin Galactic kompaniýasy esaslandyryjysy Riçard Brenson bilen bilelikde SpaceShipTwo suborbital gämisiniň üstünlikli uçuşyny amala aşyrdy. Emma Blue Origin-iň tassyklamagyna görä, Virgin Galactic kosmosa ýetmedi, çünki SpaceShipTwo gämisi 91 km belentlige galdy we Karman araçäginden geçmedi.
Muňa garamazdan, SpaceX-den tapawutlylykda ne Virgin Galactic, ne-de Blue Origin ýolagçylaryny orbita çykaryp bilmez. SpaceX şu ýylyň ahyrynda ýolagçyly orbita uçuşy meýilleşdirýär.
Degişlilikde üç kompaniýanyň teklipler boýunça bahalary hem tapawutlanýar: Virgin Galactic-iň müşderileri petek üçin 250 müň dollar töledi, Blue Origin-iň kosmos syýahatçylarynyň 500 müň dollar tölemegine garaşylýar, SpaceX bolsa müşderilerinden 10 günlük syýahat üçin 55 million dollar almagy meýilleşdirýär.


31.05.2026 20:50
9.4k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
4.8k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 19:00
1k+

NASA Aý bazasynyň ilkinji missiýalary üçin Blue Origin kompaniýasyny saýlady

NASA 2026-njy ýylda Aýa tarap guraljak üç sany uçarmansyz uçuşy mälim etdi we gymmaty 20 milliard dollar bolan Aý bazasyny döretmek maksatnamasynyň ilkinji missiýalary üçin Blue Origin kompaniýasyny saýlady....

27.05.2026 15:35
3.9k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....