Beýik Britaniýada dünýäde iň uly “arassa” ýangyç zawody peýda bolar

  • 14.07.2021 14:32
  • 3.4k+

Norwegiýanyň Equinor nebit kompaniýasy Beýik Britaniýada wodorod önümçiligini üç esse artdyrmak meýilnamasy barada aýtdy. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, “arassa” ýangyç öndürmek boýunça dünýäde iň uly senagat toplumy peýda bolar diýip, “The Guardian” neşiri ýazýar. Muny Day.Az ýetirýär.

Angliýada Kingston-apon-Hall şäheriniň golaýyndaky Equinor zawody diňe bir wodorod öndürmän, eýsem ýörite uglerody almak we saklamak tehnologiýalarynyň (Carbon capture and storage (CCS)) kömegi bilen howadan zyýanly kömürturşy gazyny aýyrar. Şeýle-de, kompaniýa Angliýanyň gündogaryndaky Linkolnşir graflygynda ýerleşýän Keadby gaz elektrostansiýasyny ekologiýa taýdan arassa “gök ýangyç” bilen üpjün edip başlar, netijede ony doly derejede ekologiýa taýdan arassa ýangyçda işleýän dünýäde ilkinji elektrik ägirdine öwrer.
Britan hökümetiniň çaklamalaryna görä, wodorod ýangyç toplumynyň ösdürilmegi CO2 zyňyndylaryny azaltmaga mümkinçilik berer, sebäbi “arassa” ýangyç kärhanalarda, elektrostansiýalarda we transportda gazylyp alynýanlaryň ornuny tutar.
Şeýle-de, iýun aýynyň ahyrynda Şotlandiýanyň demirgazyk-gündogarynda howany arassalamak boýunça zawodyň gurluşygy barada hem habar berildi. Global CCS Institute analitik merkeziniň täze hasabaty dünýäde uglerody sorup almak we saklamak mümkinçilikleriniň global klimat maksatlaryna ýetmek üçin 100 esse ýokarlanmalydygyny görkezdi, bu ýakyn 30 ýylda dünýäde bir trillion dollar çykdaja getirer.


22.11.2024 07:54
9.8k+

Türkmenistan - Hytaý gaz geçirijisi boýunça ibermeler Hytaýa 696 mln tonna kömürden el çekmäge mümkinçilik berdi

2009-njy ýylda ulanyşa girizileninden bäri, Türkmenistan - Hytaý gaz geçirijisiniň ugry boýunça HHR-e 500 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi. Bu möçberdäki gaz Hytaýa 696 mln tonna kömürden el çekmäge...

06.06.2024 13:20
1.4k+

Aşgabatda energetika boýunça TESC-2024 halkara ylmy-amaly maslahaty geçirilýär

5-nji iýunda «Arçabil» myhmanhanasynda «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly iki günlük halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Maslahat «Türkmengaz»...

10.05.2024 15:07
5.7k+

Iýunda Arkadag şäherinde TESC-2024 halkara maslahaty geçiriler

5-6-njy iýunda Arkadag şäherinde “Uglewodorod känlerini işläp taýýarlamagyň energetika geljegi, täze tehnologiýalary we ekologiýa jähtleri” atly Halkara ylmy maslahat (TESC 2024) geçiriler. Häzirki wagtda maslahaty...

09.12.2023 19:27
45k+

Dragon Oil Türkmenistanda 2027-nji ýyla çenli gazyň ýakylmagyny doly bes eder

Dragon Oil Türkmenistanda öz önümçilik meýdançalarynda 2027-nji ýyla çenli gazyň ýakylmagyny doly bes eder. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Ali Raşid Al Jarwan COP 28 konferensiýasy wagtynda "Nebitiň we gazyň dekarbonizasiýanyň düzgünnamasy"...