Türkmenistan - Hytaý gaz geçirijisi boýunça ibermeler Hytaýa 696 mln tonna kömürden el çekmäge mümkinçilik berdi

  • 22.11.2024 07:54
  • 10k+

2009-njy ýylda ulanyşa girizileninden bäri, Türkmenistan - Hytaý gaz geçirijisiniň ugry boýunça HHR-e 500 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi. Bu möçberdäki gaz Hytaýa 696 mln tonna kömürden el çekmäge we zyýanly zyňyndylaryň möçberini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berdi. Bu maglumatlary Hytaýyň Milli nebitgaz turbageçiriji kompaniýasy getirýär diýip, ORIENT habar berýär.

Gazyň ulanylmagy kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny 764 mln tonna, kükürt dioksidiniň zyňyndylaryny 25 mln tonna, tozanyňkyny - 379 mln tonna we azot oksidiniňkini - 6,27 mln tonna azaltmaga mümkinçilik berdi. Ekologiýa taýdan täsiri deňşedirsek, bu möçber 2,373 mlrd gektar tokaý oturtmak bilen barabardyr. Bu bolsa Hytaýyň meýdanynyň 2,48%-ini eýeleýär.
Uzynlygy 1833 km bolan Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi Türkmenistany Özbegistanyň we Gazagystanyň üsti bilen Hytaý bilen birikdirýär. Bu gaz geçiriji 27 sany welaýaty we Gonkong ýörite administratiw sebitini gaz bilen üpjün edýär.
Aşgabatda geçiirlen 29-njy Halkara nebitgaz forumynda CNPC-niň baş direktorynyň orunbasary Çžan Daoweý Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky gaz söwdasynyň umumy möçberiniň 415 mlrd kub metre ýetendigini belledi.


düýn 19:01
3.3k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...