Fransiýa Google-a 500 million ýewro möçberinde jerime saldy

  • 14.07.2021 16:53
  • 10k+

Fransiýanyň monopoliýa garşy gullugy tehnologiýa ägirdi "Google"-a Google News hyzmatynda awtorlyk hukuklaryny bozandygy üçin 500 million ýewro möçberinde jerime saldy. Bu barada Euronews habar berdi.

Amerikan kompaniýasy kontentiň ulanylandygy üçin öwez töleginiň mukdary barada fransuz habar neşirçileri bilen belli bir ylalaşyga gelip bilmedi. Şeýlelik bilen, ol bu meseläni monopoliýa garşy edara tarapyndan bellenilen möhletlere çenli çözüp ýetişmedi. Ýeri gelende bellesek, "Google" aňry gitse üç aýyň içinde islendik neşirçiniň meýli boýunça öwez tölegleri bilen bagly gepleşikleri geçirmäge borçly edilipdi.
Indi bolsa kompaniýa iki aýyň içinde bu meseläni çözmek boýunça durmuşa geçirilmeli işleriň meýilnamasyny tabşyrmaly bolar. Ýogsa-da kompaniýa her gün üçin 900 müň ýewro çenli möçberde jerime salnar diýip, çeşme belleýär.


29.05.2026 16:32
1.4k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

18.05.2026 14:50
2k+

LVMH kompaniýasy tas 30 ýyllap eýelik eden Marc Jacobs brendini satýar

Fransiýanyň LVMH kompaniýasy otuz ýyla golaý eýelik eden Marc Jacobs brendini WHP Global kompaniýasyna satmak barada ylalaşyk baglaşdy....

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

03.05.2026 23:57
1.4k+

«Ýyl ajap başlady»: YouTube-yň girdejileri iki belgili ösüş görkezdi

YouTube wideo platformasy we onuň baş kompaniýasy bolan Alphabet 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça uly maliýe üstünlikleri barada hasabat berdi: serwisiň mahabat girdejisi 10,7% ýokarlanyp,......