Şu gün Balkan welaýatynda «Türkmeniň ak öýi» binasy açylýar

  • 14.07.2021 09:33
  • 11k+

Şu gün — 14-nji iýulda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň we onuň ýanynda 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň açylyşlary, şeýle-de Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak mynasybetli dabara geçiriler. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşar. Bu barada 13-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.

Türkmen Lideri Balkan welaýatyna iş sapary mynasybetli görülýän taýýarlyk çäreleriniň maksatnamasy bilen tanşyp, wise-premýer, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatynyň senagat düzümini işjeňleşdirmek, günbatar sebitde medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem döwlet Baştutanynyň günbatar sebite boljak iş saparynyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler baradaky hasabatyny diňledi. Bellenilişi ýaly, meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmekde degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde zerur işler geçirildi.
«Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň hem halkara derejeli üstaşyr ulag geçelgesi hökmünde ornunyň pugtalanmagyna ýardam eder. Bu bolsa Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen işjeň hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegine giň ýol açar» diýip, türkmen Lideri nygtady.

Şeýle hem okap bilersiňiz:


03.05.2026 14:32
15k+

Arkadag şäherinde bilim alýanlar üçin birnäçe talyp haklary giriziler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň......

03.05.2026 13:49
7.1k+

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda 4284 maşgala üçin ýaşaýyş jaýlary gurlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet......

03.05.2026 13:30
1.5k+

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Bakuda Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň mejlisine gatnaşar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we......

22.04.2026 14:54
3.7k+

Bedew baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde täze jaýlaryň açarlary gowşurylar

Arkadag şäherinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna işjeň taýýarlyk görülýär. Bu baýram mynasybetli şäher ilatyna täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak meýilleşdirilýär diýip, häkim......