Huawei-niň inženerleri öz-özüni dolandyrýan welosipedi döretdiler

  • 13.07.2021 15:55
  • 11k+

Huawei kompaniýasynyň inženerleri adam gatnaşmazdan hereket edip bilýän welosipedi işläp düzdüler. Welosiped hatda iň dar ýerlerde-de özi durup bilýär. Onuň dürli datçikleri, şekilleri tanaýjy kameralary bar. Onuň awtonom hereketi emeli intellekt tehnologiýasy bilen üpjün edilýär diýip, ferra.ru habar berýär.

Bu taslama gatnaşan inženerleriň biri welosiped heläkçiliginde şikes alandan soň, şeýle pikiri öňe sürdi. Ilkibaşda hünärmenler kompýuterde welosipediň modelini taýýarladylar: ony öz-özüni dolandyryjy etmek üçin näme goşmalydygyna seretdiler. Soňra olar iki hereketlendiriji we rul mehanizmini oturtdylar, ondan soň RGBD kamerasy, akselerometr, giroskop we lidar bilen datçik goşdular. Welosiped 2-3 sagat sürüş üçin niýetlenen batareýany ulanýar. Esasy hasaplaýyş moduly oturgyjyň aşagynda ýerleşýär. 
Şeýle-de, welosiped sähelçe gyşarmalar barada maglumatlary gaýtadan işleýän we welosipedi wertikal ýagdaýda saklaýan deňagramlylyk ulgamy bilen üpjün edildi, yzky teker bolsa pedallaryň kömegi bolmazdan, göni motordan aýlanýar. Welosiped eýýäm synaglardan üstünlikli geçdi.


düýn 19:33
1.2k+

Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i döretdi

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i köpçülikleýin öndürmäge doly taýýar edip görkezdi....

düýn 07:30
2.4k+

Huawei 10 000 mA·sag kuwwatly we düýbünden täze gurluşly batareýany synagdan geçirýär

Huawei kompaniýasy materiallary we gurluşy boýunça täze nesil akkumulýatorlary synagdan geçirýär. Insajer «Digital Chat Station-yň» berýän maglumatyna görä, bu batareýalaryň sygymy 10 000 mA·sag derejesinden......

05.05.2026 23:03
3k+

5000 dollarlyk robot-balyk akwariumdaky janly arowananyň ýerini tutar

Hytaýyň FullDepth kompaniýasy «Bionic Arowana» atly robotlaşdyrylan balygyny hödürledi. Bu roboty akwariumlarda saklanylýan hakyky arowana balygynyň ornuna, täze bir alternatiwa hökmünde ulanmak maslahat......

02.05.2026 11:11
2k+

Huawei 8500 mAs batareýaly Nova 15 Max modelini görkezdi

Huawei kompaniýasy resmi taýdan Nova 15 Max smartfonynyň täze suratlaryny paýlaşdy. Bu enjam dünýä bazaryna çykaryljak ilkinji «Max» seriýaly model bolar....