Talyp-2021: orta hünär we ýokary okuw mekdeplerine resminamalar kabul edilip başlandy

  • 13.07.2021 09:54
  • 20k+

12-nji iýulda Aşgabatda hem-de Türkmenistanyň welaýat merkezlerinde orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde okamaga isleg bildirýänlerden resminamalar kabul edilip başlandy. Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň 9-njy iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde Buýruklara gol çekip, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça, şonuň ýaly-da, orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklady. Resminamalara laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 12-nji iýul — 27-nji awgust günlerinde guramak tabşyryldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklap, bu topara okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmegi hem-de onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramagy tabşyrdy. Mundan başga-da, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi.
Döwlet Baştutanynyň tabşyrygy esasynda ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglarynyň geçirilişine jemgyýetçilik gözegçiligi amala aşyrylar. Şonuň ýaly-da, ähli mekdeplerde Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde sanly ulgam boýunça okuwlar guralar.
Ýeri gelende ýatlatsak, türkmen Lideriniň giňişleýin Hökümet mejlisinde Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň gurluşyny tassyklamagy bilen, bu ýokary okuw mekdebinde Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi, Ýaş diplomatlaryň mekdebini hem-de sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümini açmak bellenildi.
Şeýle-de degişli Karar esasynda 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetini, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetini, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyny, Türkmen döwlet maliýe institutyny, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek bellenildi.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......