Hytaýyň baş diplomaty Wan I Türkmenistana sapar bilen geldi

  • 13.07.2021 09:07
  • 14k+

12-nji iýulda Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan Inyň Türkmenistana iki günlük resmi sapary başlandy. Saparyň çäklerinde ýurduň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri, şeýle-de iki ýurduň DIM-niň arasynda syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryny geçirmek meýilleşdirildi. Bu barada DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan Inyň arasynda 12-nji iýulda geçirilen gepleşiklerde biologik we maglumat howpsuzlygy, energetika, ykdysadyýetiň çig mal däl pudaklary, medeniýet, bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynda özara hereketleriň ösdürilmegi üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Nobatdaky saparyň Türkmenistanyň we Hytaýyň döwlet Baştutanlary tarapyndan olaryň şu ýylyň maýynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikleriniň barşynda kesgitlenilen hyzmatdaşlygyň strategiki ugurlaryna laýyklykda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň has hem ösdürilmegi ugrunda möhüm ädim bolup durýandygy bellenildi.
Taraplar halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alşyp, köptaraplaýyn meýdançalarda başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Gepleşikleriň dowamynda şeýle-de halkara gün tertibiniň ekologiýa we howanyň üýtgemegi, adam hukuklary hem-de beýleki wajyp meseleleri boýunça ikitaraplaýyn esasda özara geňeşme duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmeginiň oňyn tejribesiniň dowam edilmeginiň zerurdygy aýdyldy.
Duşuşygyň ahyrynda Raşid Meredow we Wan I Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021-2022-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Meýilnamasyna gol çekdiler.

Şeýle-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministrliginiň arasynda ylym, tehnologiýalar we innowasiýalar babatynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.


düýn 11:41
3.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......