Jokowiç 20-nji gezek “Uly tuwulga” ýaryşynda ýeňiji boldy

  • 12.07.2021 05:44
  • 4.5k+

Serbiýaly tennisçi - dünýäniň ilkinji raketkasy Nowak Jokowiç Beýik Britaniýada geçirilen “Uly tuwulga” ýaryşynda ýeňiji boldy. Bu barada news.sportbox.ru habar berdi.

Uimbldonda geçirilen jemleýji duşuşykda serbiýaly tennisçi dünýä reýtinginde dokuzynjy orny eýelän italýan türgen Matteo Berrettiniden üstün çykdy. Titullarynyň sany boýunça garşydaşyndan has yza galýan Berrettini ilkinji seti öz peýdasyna tamamlady, ýöne Jokowiç duşuşygyň ugruny üýtgedip, yzly-yzyna üç setde ynam bilen ýeňiş gazandy. Hasap şeýle boldy: 6:7 (4:7), 6:4, 6:4, 6:3. Duşuşyk jemi 3 sagat 27 minut dowam etdi.
Şunlukda, 34 ýaşly Jokowiç “Uly tuwulga” ýaryşlarynda ýekelikde bassyr üçünji we karýerasynda 20-nji gezek ýeňiş gazandy. Umumy ýeňişleriniň sany boýunça ol ispaniýaly Rafael Nadal we şweýsariýaly Rojer Federer bilen deňleşdi.

Şeýle hem okap bilersiňiz:
Eşli Barti — Uimbldon-2021-iň ýeňijisi


18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......