TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň gurluşynda nämeler üýtgedi?

  • 10.07.2021 13:41
  • 11k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň gurluşy tassyklanyldy. Resminama laýyklykda, institutda:

  • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
  • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
  • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi açylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ulgamynda administratiw-tehniki işgärler boýunça ätiýaçlyk düzüminiň döredilendigi göz öňünde tutulyp, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkeziniň işi wagtlaýyn togtadyldy. Bular barada Hökümetiň 2021-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde habar berildi.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......