Ulag we kommunikasiýa toplumy boýunça wise-premýer wezipesi ýapyldy

  • 10.07.2021 00:13
  • 12k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we kommunikasiýa toplumy boýunça orunbasarynyň wezipesi ýapyldy.

Resminama Türkmenistanyň bazar gatnaşyklaryna esaslanýan ykdysadyýete geçmegi bilen bagly ýerine ýetiriji häkimiýetiň we döwlet edaralarynyň gurluşyny amatly ýagdaýa getirmek, olaryň artykmaç wezipelerini aradan aýyrmak, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň howpsuzlyk, harby we hukuk meseleleri boýunça orunbasarynyň garamagyndaky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň bölümleriniň düzümi we işgär sany tassyklanyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň howpsuzlyk, harby we hukuk meseleleri boýunça orunbasaryna Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleriň bir aý möhletde taýýarlanylmagyny we Ministrler Kabinetine berilmegini üpjün etmek tabşyryldy.


11.05.2026 15:51
5.2k+

Wýetnam 16 milliard dollarlyk täze mega howa menzilini gurýar

Wýetnam dünýäde iň uly infrastruktura taslamalarynyň birini - 16 milliard dollarlyk Longthan mega howa menziliniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge başlady....

03.05.2026 16:02
12k+

Şäherleriň ululygyndaky howa menzilleri: dünýäniň iň uly 7 howa menzili

Häzirki zaman howa menzilleri köpden bäri diňe uçuş we gonuş nokatlary bolmagyny bes etdi. Olar awiasiýanyň geljekki onlarça ýyllar öňünden logistika, biznes we strategiýa bilen baglanyşykly giň......

01.05.2026 23:15
9.6k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

26.04.2026 09:48
2.2k+

Türkmenistan we ESCAP ulag, howa we sebit taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdy

Bangkokda geçirilen ESCAP-yň 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet komissiýanyň ýerine ýetiriji sekretary......