Aşgabat şäherine täze häkim bellenildi

  • 09.07.2021 23:46
  • 23k+

Aşgabat şäheriniň häkimi wezipesine Rahym Gandymow bellenilip, ol Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri wezipesinden boşadyldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ýolbaşçysy wezipesine bu edaranyň ministriniň orunbasary wezipesinde işlän Guwanç Orunow bellenildi. 
Aşgabat şäheriniň 35 ýaşly täze häkimi 2007-nji ýylda Türkmenistanyň politehniki institutyny tamamlap, inžener-gurluşykçy diplomyny aldy. Hünär işine Ruhabatda «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserninde başlady. Hususy pudagyň kärhanalarynda ýolbaşçy wezipelerde işledi.
2011-nji ýylda Gurluşyk ministrligine geçdi, bir ýyldan — Ministrler Kabinetine geçip, ol ýerde aýratyn wajyp desgalara we düýpli gurluşyk işlerine gözegçilik bölümine, soňra gurluşyk we jemagat hojalygy bölümine ýolbaşçylyk etdi. 2020-nji ýylda gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi, bir ýarym aýdan bolsa, ministr boldy.


16.04.2026 14:57
1.1k+

Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň täze ilçisi bilen duşuşdy

15-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Martin Brugy kabul etdi....

16.04.2026 14:51
1.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň täze ilçisini kabul etdi

15-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Wonjeni kabul etdi....

05.04.2026 19:23
14k+

Aşgabatda Şehitler metjidiniň namaz okalýan ýeri giňeldildi

Häzirki wagtda Aşgabatda 500 orunlyk Şehitler metjidini döwrebaplaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu mesele Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça......

29.03.2026 23:51
3.8k+

Aşgabatda Türkmenistanyň kazylarynyň VIII maslahaty geçirildi

28-nji martda Aşgabadyň «Adalat» köşgünde Türkmenistanyň kazylarynyň VIII maslahaty geçirildi. Oňa Ýokary kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleri, şeýle hem welaýat, şäher we etrap kazyýetleriniň kazylary......