Aşgabatdaky «Täsin» çagalar dünýäsi körpeleri mugt şüweleňe çagyrýar

  • 09.07.2021 19:25
  • 16k+

Paýtagtymyzdaky «Aşgabat ýalkymy» söwda merkezinde ýerleşýän «Täsin» körpeler dünýäsi ýekşenbe güni, 11-nji iýulda körpeler üçin şüweleň geçirýär.

Çagalar üçin şowhunly dabarany «Kidsland» topary guraýar. Dabaranyň dowamynda körpeler hem-de olaryň ene-atalary üçin animatorlar we gözbagçylar ýörite çykyşlary ederler. Üstesine, «Täsin» maşgala kafesinden her dürli süýjülikler hödürleniler.
Şüweleň ýekşenbe güni 19:00-da başlanýar. Giriş tölegsiz.
Açylanyna köp wagt geçmändigine garamazdan, «Täsin» körpeler dünýäsi paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Bu hem ýöne ýerden däl, «Täsin» körpeler dünýäsi dürli baýramçylyk şüweleňlerini geçirip körpeleriň göwnünden turmagy başarýar.
«Täsin» körpeler dünýäsi Görogly 81, «Aşgabadyň ýalkymy» söwda merkeziniň 3-nji gatynda ýerleşýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 14-11-14

Şeýle hem okap bilersiňiz:


düýn 16:55
2.2k+

«Watan» kinokonsert merkezi Beýik Ýeňşi bilelikde bellemäge çagyrýar

9-njy maýda «Watan» kinokonsert merkezinde «Beýik Ýeňiş — kalplarda» («Великая Победа – в сердце каждого») atly konsert geçiriler....

düýn 11:14
2.1k+

Aşgabatda Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylary duşuşdy

29-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyza ilkinji resmi sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri For bilen duşuşygy......

28.04.2026 14:21
1.7k+

Türki dünýäsiniň artistleri Weli Muhadowyň 110 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda çykyş eder

2-nji we 3-nji maýda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde görnükli türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň opera sahnasynyň ussatlarynyň uly gala-konserti......

26.04.2026 13:44
4.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Milli bedew baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

25-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu barada «TDH» döwlet habarlar agentligi habar......