Aşgabatda 16-njy maýda «Täsin» körpeler dünýäsi açylar

  • 15.05.2021 13:30
  • 25k+

Çagalar üçin täze «Täsin» körpeler dünýäsiniň paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny 16-njy maýda «Aşgabadyň ýalkymy» söwda-dynç alyş merkezinde açylyş dabarasyna çagyrýar. Baýramçylyk çäresi 17:00-da başlanar.

Açylyş dabarasynda körpejelere we olaryň ene-atalaryna animatorlar, klounlar, gözbagçylar, diskoteka, master-klasslar, köpürjikler şüweleňi, dürli bäsleşikler we sowgatlar garaşýar.
Çäräniň guramaçylary çagalar dünýäsindäki attraksionlaryň ählisine 50% arzanladyş yglan edýärler. Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli arzanladyş 25-nji maýa çenli dowam eder.
«Aşgabadyň ýalkymy» söwda-dynç alyş merkezi Görogly köçesi, 122-de ýerleşýär.
Goşmaça maglumat üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 90-73-05 / 90-62-92

şu gün 12:18
218

Spotify 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, aýdymlaryny we albomlaryny saýlady

Spotify akym hyzmaty ýylyň jemini jemläp, 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, şeýle-de iň köp diňlenen aýdymlary we albomlary kesgitledi. Maglumatlara görä, dördünji gezek (2020, 2021 we 2022-nji ýyllardan soň) iň meşhur artist puertorikoly Bad Bunny boldy...

şu gün 12:06
494

Amerikan kino instituty 2025-nji ýylyň iň gowy filmlerini we seriallaryny saýlady

Amerikan kinematografiýa instituty (AFI) 2025-nji ýylyň iň gowy kino- we teletaslamalarynyň sanawyny hödürledi. Filmleriň onlugyna şu aşakdakylar girdi: ·«Awatar: Ot we kül» (Аватар: Пламя и пепел) ·«Bir söweşden...

şu gün 12:02
338

Leonardo Di Kaprio Maýkl Mannyň “Tutluşyk 2” filmine gatnaşjakdygyny tassyklady

Aktýor Leonardo Di Kaprio «Deadline» neşiri bilen söhbetdeşlikde «Tutluşyk 2» (Схватка 2) filmine gatnaşjakdygyny resmi taýdan tassyklady. Bu film režissýor Maýkl Mannyň jenaýat dramasynyň dowamy bolar. Film işläp taýýarlamak tapgyrynda bolup, ony düşürmek işleri 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär...

şu gün 12:00
632

Lego FIFA-nyň dünýä çempionatynyň kubogy görnüşinde kosntruktor toplumyny çykarar

Lego kompaniýasy we Halkara futbol federasiýasy (FIFA) dünýä çempionatynyň kubogynyň şekilini gaýtalaýan täze toplumyň çykarylandygyny habar berdi. 2842 bölekden ybarat toplum 2026-njy ýylyň 1-nji martynda satuwa çykar...