“Lilo we Stiç” golliwud filmlerinden ilkinji bolup milliarda has golaýlady

  • 14.07.2025 18:18
  • 3k+

Disney studiýasynyň “Lilo we Stiç” remeýki ýedi hepdäniň dowamynda 994,2 mln dollar ýygnady. Häzirki dinamikany göz öňünde tutsaň, “Lilo we Stiç” Hytaýyň “Neçža 2” animasiýasyndan soň, 1 mlrd dollardan geçjek ilkinji film bolup biler diýip, The Wrap neşiri habar berýär.

Ýedinji uikendde filmiň amerikan prokatynda kassa ýygymy 414,5 mln dollara ýetdi. Muňa garamazdan, ýerli prokatda ol henizem “Minecraft kinoda” filminden yza galýar – 423,9 mln dollar. Umumy global girdeji boýunça Disney öňde. 2025-nji ýylda diňe bu iki golliwud filmi 900 mln dollardan geçdi.
Film üçin esasy daşary ýurt bazarlary Meksika (66,5 mln dollar), Beýik Britaniýa (48,3 mln dollar), Fransiýa (40,6 mln dollar), Braziliýa (36,5 mln dollar), Germaniýa (31 mln dollar), Ispaniýa (26,5 mln dollar) we Hytaý (25,2 mln dollar) boldy.
2002-nji ýylyň adybir multfilmine esaslanan film gawaýili gyz Lilo (ony Maýýa Kealoha oýnady) bilen başga planetaly jandar Stiçiň dostlugy barada gürrüň berýär. Režissýor hökmünde Din Fleýşer Kemp çykyş etdi.
Filme Sidni Agudong, Kris Sanders, Zak Galifianakis, Billi Magnussen we Kortni B.Wens gatnaşdy. Premýera 22-nji maýda boldy.


şu gün 09:56
1.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.4k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......