Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidentini Gyrgyzystana sapara çagyrdy

  • 09.07.2021 09:14
  • 5.3k+

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow golaýda Türkmenistana bolan resmi saparynyň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen Liderine hoşallyk hatyny ýollady. Hatda gyrgyz kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedowy özi üçin islendik amatly wagtda Gyrgyzystana jogap sapary bilen gelmäge çagyrdy.

TDH-niň habarynda Sadyr Žaparowyň: «Saparyň çäklerinde guralan çäreleriň, hususan-da, Siziň bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň netijeli hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçmegi gyrgyz-türkmen doganlyk gatnaşyklarynyň ösüşinde ýene-de bir taryhy tapgyr boldy. Gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň käbiriniň eýýäm durmuşa geçirilip başlandygyna örän şatdyryn» diýen sözleri getirilýär.
Ýeri gelende bellesek, Gyrgyzystanyň Prezidenti 27-28-nji iýunda Türkmenistana resmi sapar bilen gelip, türkmen Lideri bilen ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi hem-de Türkmenistanyň ekport harytlarynyň sergisine aýlanyp görüp, Türkmen-gyrgyz ykdysady forumynyň işine gatnaşdy.
Saparyň yzysüre, 29-njy iýunda bolsa Türkmenistandan Gyrgyz Respublikasyna umumy bahasy ABŞ-nyň 21 million dollaryndan gowrak bolan azyk harytlarydyr himiýa we tehnika serişdelerinden ybarat bolan ýörite ýük baryp gowuşdy. Munuň özi ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary häzirden ýerine ýetirmäge girişilendiginden habar berýär.


düýn 16:48
8.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow: Hytaýda ähli zat gowy bolsa, bütin dünýäde hem gowy bolar

Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke interwýu wagtynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa HHR-iň Başlygy Si Szinpini nähili lider hökmünde görýändigi barada sowal berdi...

düýn 16:21
11k+

Halk Maslahatynyň Başlygy: Atylan ok harbymy, esgermi ýa-da çagamy… saýgarmaýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dünýädäki häzirki ýagdaýlar barada öz garaýyşlaryny aýtdy. Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke bilen söhbetdeşliginde türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki wagtda dünýädäki ýagdaýlaryň çylşyrymlydygyna garamazdan, halkara hukuk gurallaryna daýanyp, durnuklylygy dikeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belledi...

düýn 16:03
4.6k+

Türkmenistan Hytaýa jemi 460 milliard kub metre golaý tebigy gaz iberdi

2026-njy ýylyň 1-nji martyndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanyň Hytaýa eksport eden tebigy gazynyň umumy möçberi 460 milliard kub metre golaý boldy. Bu sanlary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke beren interwýusynda mälim etdi...

düýn 15:32
2.3k+

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2007-nji ýyldan bäri 20 esse artdy

Hytaý köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolmagynda galýar. 2007-nji ýyldan bäri ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygy 20 esse artdy we her ýyl 9–10 milliard amerikan dollaryna barabar bolýar...