Ufada geçirilýän Bütindünýä folkloriadasynda iki dünýä rekordy goýuldy

  • 08.07.2021 12:52
  • 7.5k+

3-nji iýuldan 10-njy iýul aralygynda Başkiriýada geçirilýän Bütindünýä folkloriadasyna gatnaşyjylaryň tegelek tansy iki dünýä rekordyny täzeledi diýip, festiwaly taýýarlamak we geçirmek boýunça müdirligiň metbugat gullugy habar berýär. Muny www.interfax-russia.ru ýetirýär.

Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, “tegelekde tegelek” tansyna rekord möçberde ýurtlar (57) we milletler (71) gatnaşdy. Folkloriadanyň 37 ýurtdan gelen wekillerinden başga-da, tegelek tansa respublikada bolan daşary ýurtly syýahatçylar hem gatnaşdy.
Şeýle-de, folkloriada gatnaşyjylar milli egin-eşiklerde köpçülikleýin ýöriş guradylar. 2,7 müňden gowrak adamdan ybarat hatar Zaki Walidi köçesinden ýöräp, festiwalyň esasy konsert meýdançasynyň açylan amfiteatryna bardylar.
Habar berlişi ýaly, folkloriada dünýäniň 37 ýurdundan gelen toparlar, jemi 1,1 müň töweregi artist gatnaşýar. Festiwal programmasy Ufada we respublikanyň 22 häkimliginde meýilleşdirildi. Folkloriadanyň ýapylyş dabarasy 10-njy iýulda Ufadaky “Toratau” Kongress zalynyň amfiteatrynda geçiriler.
Bütindünýä folkloriadasy her dört ýyldan bir gezek geçirilýär. Bu çärä Folklor festiwallary we adaty sungat guramalarynyň halkara geňeşiniň (CIOFF) düzümine girýän 68 döwletiň milli toparlary gatnaşýar. Folkloriadany Ufada geçirmek baradaky karar 2015-nji ýylda Arekipa şäherinde (Peru) CIOFF-iň Bütindünýä assambleýasynda kabul edildi. Koronawirus pandemiýasy sebäpli, festiwal bir ýyl yza süýşürilipdi.


18.06.2026 22:32
4.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....