Türkmenistanda sanjymlar nähili ýagdaýda ýerine ýetirilýär?

  • 07.07.2021 17:34
  • 27k+

TmCars.info Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň sanjymlaryň peýdasy we olary kabul etmegiň düzgünleri baradaky berýän maslahatlaryny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Keselleriň öňüni alyş çäreleriniň umumy we ýöriteleşdirilen usullary bolup, olaryň umumy usullaryna şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmek, sagdyn iýmitlenmek, dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan çaýlary ulanmak degişlidir. Ýöriteleşdirilen usulyna keselleriň öňüni alyş sanjymlary girýär. Türkmenistanda ilaty daşary ýurtlaryň ýokary hilli waksinalary bilen doly üpjün etmek ugrunda zerur işler amala aşyrylýar. Sanjymlaryň netijeli bolmagy üçin her birimiz oňa işjeň gatnaşmalydyrys. Her bir saglyk maksatly serişdäniň görkezmesi we garşy görkezmesi bolýar. Bular barada maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşmak zerurdyr.

Häzirki döwürde ilatymyzyň aglaba bölegine, ýagny howp toparlaryna degişli bölegine ýörite TSG we DSM-niň hem-de BSGG-niň bilelikde işläp düzen meýilnamasy esasynda sanjym işleri netijeli alnyp barylýar we ýörite sanly hasabat ýöredilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda COVID-19 ýokanjyna garşy öňüni alyş sanjymlarynyň gerekli gory döredilip, ilaty doly derejede, ylmy taýdan esaslandyrylan meýilnama laýyklykda bu sanjymlar bilen gurşap almak işleri dowam edýär.
Keselleriň öňüni alyş sanjymlary, ilki bilen, ony alan adamyň, galyberse-de, daş-töwereginiň netijeli goraglylygynyň kepilidir. Hiç wagt howsala, alada düşmäň, lukmanlara öz saglyk ýagdaýyňyz baradaky maglumaty aýdyň, degişli lukmanyň bellän barlaglaryndan geçiň! Olaryň esasynda lukman sanjym almak üçin garşy görkezmeleriň ýoklugyny ýa-da barlygyny kesgitleýär. Soňra sanjym etmek üçin kesgitlenen güni, hökman, rahat ýagdaýda geliň, sanjymy alyp, lukmanyň beren maslahatlaryny berjaý etmek bilen, 21 günden soň sanjymy ikinji gezek alyň! Sanjymdan soň bedeniňizde COVID-19 ýokanjyna garşy antitelalar — ýörite bedenjikler emele gelip, sizi kesel ýokuşmagyndan, ony agyr geçirmekden doly goraýar.
COVID-19 ýokanjyna garşy öňüni alyş sanjymlaryny almaga lukmanyň garşy görkezmesi bolmadyk 18 we ondan uly ýaşly ähli raýatlar degişlidir.
COVID-19 ýokanjyna garşy öňüni alyş sanjymynyň geçirilmegine şu ýagdaýlar garşy görkezme bolup durýar:

  • waksinanyň düzümine girýän haýsy-da bolsa bir madda ýokary duýgurlyk;
  • göwrelilik we ene süýdi bilen iýmitlendirilýän döwür;
  • 18 ýaşa çenli çagalar we ýetginjekler;
  • ýokary gyzgynly ýa-da umumy ýagdaýyň näsazlyklary bilen geçýän dürli agyr ýa-da ötüşen keselleriň ýitileşýän döwri.

düýn 20:12
3.6k+

Welomenziller Aşgabat we Arkadag şäherlerinden başlap, ähli welaýatlara uzady

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri diňe bir Aşgabatda däl, eýsem Arkadag şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda geçirildi....

08.04.2026 07:19
7.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Döwlet Baştutany......

04.04.2026 15:19
7k+

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçiriler

11-nji aprelde Aşgabatda Ýewropa gününe bagyşlanyp, dürli aralyklara köpçülikleýin inklýuziw ylgaw ýaryşy geçiriler....

21.03.2026 08:05
5.7k+

Türkmenistanda 1 — 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan çäreler geçiriler

1 — 7-nji aprel aralygynda Türkmenistanda Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp, sport, medeni we wagyz-nesihat çäreleri geçiriler. Olara görülýän taýýarlyk işleri 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde maslahatlaşyldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi...