Jeff Bezos Amazon-yň baş direktory wezipesinden gitdi

  • 07.07.2021 13:25
  • 6.4k+

Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos korporasiýanyň baş direktory wezipesinden gitdi. Onuň ornuny Endi Jessi eýeledi. Kompaniýanyň döredilen gününden şu wagta çenli Jessi korporasiýanyň web-serwisine ýolbaşçylyk etdi diýlip, kompaniýanyň saýtynda habar berilýär. Muny www.bfm.ru ýetirýär.

Jessiden soň Amazon Web Services-iň ýolbaşçysy Adam Selipski boldy. 
Bezos wezipesinden 5-nji iýulda gitmek kararyna geldi, sebäbi Amazon kompaniýasy 1994-nji ýylyň hut şol gününde esaslandyrylypdy. Bezos dogry 27 ýyl Amazon-yň baş direktory boldy. 
Bezos özüniň wezipeden gitmegini beýleki taslamalara köp üns bermek isleýändigi bilen düşündirdi. Olaryň arasynda Blue Origin aerokosmos kompaniýasy hem bar. Häzir milliarder New Shepard gämisinde kosmosa uçuşa taýýarlanmagyny dowam etdirýär. Mundan başga-da, ol kitap dükanyny açmagy, Earth Fund we Day 1 gaznalaryny, şeýle-de “The Washington Post” gazetini ösdürmegi meýilleşdirýär. Bezos 2013-nji ýyldan bäri bu gazetiň neşirýatçysydyr.


düýn 13:28
488

OpenAI we Amazon 50 milliard dollarlyk köpýyllyk şertnama baglaşdy

OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär...

02.03.2026 18:32
3.6k+

Jeff Bezos öz tehnologiýalaryndan zyýan çeken kärhanalary satyn almagy meýilleşdirýär

Direktorlar geňeşinde Jeff Bezos hem bar bolan Project Prometheus startapy emeli aňyň ornaşdyrylmagy sebäpli zyýan çeken senagat kärhanalaryny satyn almak üçin "onlarça" milliard dollar serişde toplamagy meýilleşdirýändigini yglan etdi...

02.02.2026 10:53
2.8k+

FT: ABŞ-nyň ösen kompaniýalary emeli aň zerarly 52 müň işgäri işden çykarmaga taýýarlanýar

ABŞ-nyň iri kompaniýalary emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we zähmet bazaryndaky ösüşiň haýallamagy sebäpli 52 müňe golaý işgäri azaltmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

31.01.2026 09:16
944

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...