«Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» dialogynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

  • 07.07.2021 11:29
  • 2.4k+

6-njy iýulda Türkmenistanyň DIM-niň edara binasynda wideoaragatnaşyk arkaly «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» adam hukuklary boýunça dialogyň 13-nji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde mejlise Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, adam hukuklary boýunça Ygtyýarly wekil – Türkmenistanyň Adalatçysy, Mejlisiň, Ýokary kazyýetiň, Adalat, Içeri işler, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Din işleri boýunça bölümiň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada mfa.gov.tm saýty habar berýär.

«Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» adam hukuklary boýunça Dialogyň nobatdaky tapgyry Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisiniň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adam hukuklary we ynsanperwer hukugy ulgamynda Ýewropa Bileleşigi hem-de halkara institutlar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi baradaky beren tabşyryklary boýunça geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamlarynda halkara-hukuk borçnamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Mejlise Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetiniň düzüminde Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler boýunça Ýewropa gullugynyň ygtyýarlandyrylan wekilleri, ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi, şeýle-de Fransiýanyň we Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçileri, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy synçy hökmünde gatnaşdylar.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....