Olimpiadanyň ilkinji rekordy: oýunlara 12 ýaşly skeýtbordçy gatnaşar

  • 06.07.2021 23:58
  • 2.6k+

Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji rekordy: Beýik Britaniýanyň ýygyndysyna girýän skeýtbordçy Skaý Braun oýunlaryň taryhynda iň ýaş türgen boldy. Golaýda ol resmi ýagdaýda Beýik Britaniýanyň Olimpiýa ýygyndysynyň düzümine girdi. Bu barada «МИР 24» teleýaýlymynyň sport synçysy Dmitriý Kalugin habar berdi.

«Bu şatlykly ýagdaý. Men Olimpiada gidýärin. Dostlarym hem meniň üçin şatlanýarlar. Men bolsa örän bagtly» diýip, türgen gyz aýdýar.  

Haçan-da skeýtbordçylaryň ýaryşlary başlananda, Skaýyň ýaşy 13 ýaş 11 gün bolar. Bu Beýik Britaniýa üçin rekord dereje. Entek çagadygyna garamazdan, Skaý öz türgenleşýän sport görnüşi boýunça iň ökdeleriň biri. Ol 8 ýaşynda ýaryşlarda çykyş edip başlady, häzir bolsa sanawda üçünji orny eýeleýär. Ol Olimpiada öňdebaryjylaryň esasy sanawynda gatnaşýar. 

«Olimpiýa oýunlarynda bolmagyň özi eýýäm ýakymly. Men bolsa ol ýerde ýaryşaryn. Elbetde, medal almagy arzuw edýärin. Men iň kiçijek türgen bolaryn, ýöne şonda-da hormat münberiniň ýokary basgançagyna çykmaga ymtylaryn. Men dünýäde hiç kimiň entek edip görkezmedik hereketlerini görkezerin» diýip, Skaý söz berýär.

Sähel wagt mundan ozal hem Skaý Braunyň Tokio Olimpiadasyna gatnaşjakdygy uly sorag astyndady. Çünki türgenleşik wagtynda ol rampanyň çäginden çykyp, beýiklikden betondan bolan ýere ýykyldy we beýni sarsgynyny alyp, elini döwdürdi. Ene-atasy gyzynyň sportuň beýle howply görnüşi bilen meşgullanmakdan el çekmegini gazanmaga synanyşdylar, ýöne olaryňky başa barmady. 
Skaý Braun bütin dünýäde uly meşhurlykdan peýdalanýar. Onuň eýýäm iri sport brendleri bilen düýpli ylalaşyklary bar. Onuň bilen adybir gurjak bazara çykaryldy, sosial torlardaky abunaçylarynyň sany bolsa milliona golaýlaýar. Braunyň kakasy britaniýaly, ejesi bolsa ýapon. Şoňa görä-de, türgen gyzda haýsy ýurduň adyndan çykyş etjekdigini saýlamaga mümkinçilik boldy. Sport bilen meşgullanmaga ähli amatly şertleriň döredilendigi üçin ol Beýik Britaniýany saýlady.
Häzir hemmeler Skaý Braun hakynda gürrüň edýär, ýöne Tokio Olimpiadasynda oňa mynasyp bäsdeş hem garaşýar. Braziliýaly türgen Raýssa Leal Skaý bilen ýaşytdaş diýen ýaly. 13 ýaşly braziliýaly türgen Raýssa hem öz ýurdunda eýýäm meşhurlaryň hatarynda. Bu tomusda bolsa ol Skaý Braun bilen bilelikde Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar.


21.06.2026 21:03
2.1k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
7.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....