«PSŽ» Messä şertnama hödürledi

  • 05.07.2021 16:25
  • 19k+

Fransiýanyň «PSŽ» topary Argentinanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messä şertnama hödürledi. Bu barada lenta.ru habar berýär.

1-nji iýuldan Kataloniýanyň «Barselona» topary bilen ylalaşygyň möhletiniň tamamlanmagy bilen, argentinaly futbolçy Messi erkin agent boldy. Ol häzir Amerikanyň kubogy üçin öz milli toparynyň düzüminde çykyş etjek ýaryşlarynda ünsüni jemleýär. Ýaryşlardan soň «PSŽ» topary 34 ýaşly futbol ýyldyzy bilen işjeň gepleşikleri geçirmegi göz öňünde tutýar.
Muňa garamazdan, «Barselona» hem klubyň esasy ýyldyzy bilen aýrylyşmak islemeýär. Baryp maý aýynda «Barselona» Messä 10 ýyllyk şertnama baglaşmagy teklip etdi. Onda işjeň çykyşlary tamamlanandan soň hem futbolçyny administratiw wezipede işe alyp galmak göz öňünde tutulýar.
Messi «Barselona» toparyndan 2020-nji ýylyň tomsunda gaýdyp bilýärdi. Ýöne şonda klubyň ýolbaşçy düzümi argentinaly futbolçyny şertnamanyň soňky möhletine çenli saklap galmagy başarypdy.
Messi «Barselona» toparynyň ulgamynda 2002-nji ýyldan bäri bar, 2005-nji ýyldan bäri bolsa esasy topar üçin oýnaýar. «Barselona-nyň» düzüminde ol Ispaniýanyň çempionatynda 10 gezek, Liga çempionlarynda bolsa dört gezek ýeňiş gazanmagy başardy.


13.06.2026 12:33
5.7k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

11.06.2026 23:57
4.6k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

10.06.2026 10:53
9.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

08.06.2026 16:49
9.3k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....