BMG plastik gaplamalara garşy göreşýär

  • 04.07.2021 20:05
  • 6.4k+

Birleşen Milletler Guramasynda ekologiýa zyýanly bolan plastik gaplamalara garşy göreşmek boýunça möhüm ädim hakynda aýdyldy. Gürrüň, köplenç, olaryň önümçiliginde ulanylýan aýratyn himikaty gadagan etmek mümkinçiligi barada barýar diýip, «Daily Mail» tabloid gazeti «Greenpeace» guramasy bilen bilelikde taýýarlan habarynda beýan edýär. Ony lenta.ru saýty paýlaşýar.

UV-328 maddasy gaplamalaryň köp görnüşleriniň düzüminde saklanýar. Barlaglaryň netijeleri bolsa onuň adamlaryň we haýwanlaryň saglygyna zyýan ýetirýändigini görkezýär. Bu himikat janly zatlaryň bedeninde köp möçberde toplanyp, bagryň we böwregiň işine ýaramaz täsirini ýetirip biler.
Alymlar UV-328 maddasynyň gadagan edilmeginiň plastik gaplamalary yzda galdyrmak üçin ilkinji basgançak boljakdygyny aýdýarlar. Bu babatda degişli teklibi BMG-niň maslahatynda Şwesiýanyň wekilleri öňe sürdüler we häzirki wagtda ol guramanyň kadalaşdyryjy düzümleri tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylýar.
«Daily Mail» neşirinde bellenilişi ýaly, senagat kärhanalary beýle gadagan edilmäniň mümkinçiliklerinden närazy boldular hem-de häzirden plastik düzüm bölekleriniň beýleki howply himikatlar bilen bolşy ýaly derejede kadalaşdyrylmagyna garşy göreşip başladylar.


17.03.2026 20:58
5.9k+

Amerikaly alymlar 1993-nji ýyldan bäri saklanyp gelýän aşa ýokary geçirijilik rekordyny täzelediler

Hýuston uniwersitetiniň barlagçylary gaty jisimleriň fizikasy ugrunda täze üstünlik gazanandyklaryny mälim etdiler. Alymlar atmosfera basyşynda we minus 122 gradus Selsiý temperaturada elektrik toguny ýitgisiz geçirmäge ukyply bolan aşa ýokary geçiriji material döretdiler...

04.03.2026 16:01
1.1k+

Alymlar metandan dermanlyk madda almagy öwrendiler

Alymlar metany derman öndürmekde ulanyp boljak çylşyrymly himiki maddalara öwürmegiň täze usulyny işläp düzdüler. Bu baradaky barlag Science Advances žurnalynda çap edildi. Taslamanyň esasy üstünligi – taryhda ilkinji gezek metandan gönüden-göni dimestrol maddasynyň alynmagydyr...

18.02.2026 07:37
7.7k+

Balykçylygyň gadagan edilmegi Ýanszy derýasynda 70 ýylda ilkinji gezek balyklaryň köpelmegine getirdi

Science žurnalynda Hytaýda geçirilen giň gerimli ekologik barlagyň netijeleri çap edildi. Onda alymlar 2021-nji ýylda Ýanszy derýasynyň howzunda täjirçilik maksatly balyk tutmaga girizilen on ýyllyk moratoriýanyň netijelerine baha berdiler...

14.02.2026 14:15
3.1k+

Norwegiýa deňziniň düýbünde adatdan daşary wodorod çeşmesi tapyldy

Alymlar Norwegiýa deňziniň düýbünde düzüminde adatdan daşary ýokary mukdarda wodorod saklaýan gidrotermal çeşmeleri ýüze çykardylar. Knipowiç gerşiniň çäklerinde edilen bu açyş şeýle ulgamlaryň emele gelşi we beýleki planetalaryň ummanlaryndaky ýaşaýyş mümkinçilikleri baradaky düşünjelere üýtgeşme girizip  biler...