Türkiýede alymlar birbada 11 sany gadymy piramidany tapdylar

  • 03.07.2021 16:56
  • 11k+

Türkiýede arheologlar dünýäde iň gadymy ybadathana toplumlarynyň biri bolan Göbekli Tepe-den (Şanlyurfa welaýaty) uzak bolmadyk ýerde adam tarapyndan döredilen 11 sany uly depäni tapdylar. Türkiýäniň KHBS-niň habar bermegine görä, gum depeleri 100 kilometr aralykda ýerleşmek bilen, takmynan, 12 müň ýyl ozal gurlan ybadathana binasyny gurşap alýar diýip, weekend.rambler.ru belleýär.

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý žurnalistler bilen söhbetdeşlikde alymlaryň bu sebiti “12 depe”, şeýle-de “Türkiýäniň günorta-gündogarynyň piramidalary” diýip atlandyrandyklaryny belledi. 

“Bu sebitiň özboluşly medeniýeti bar” – diýmek bilen, Ersoý depelerdäki iri gözleg işleriniň ýakyn wagtda tamamlanjakdygyny, jikme-jik hasabat barada sentýabr aýynda habar beriljekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Göbekli Tepe 2011-nji ýyldan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Ol ilkinji gezek 1963-nji ýylda Stambuldan we Çikagodan gelen arheologlar tarapyndan tapyldy.


14.05.2025 11:09
5.7k+

Türkiýede AirCar uçýan awtomobiliniň ilkinji adamly uçuşy geçirildi

AirCar kompaniýasy adamyň gatnaşmagynda iki orunlyk uçýan awtomobiliniň ilkinji synagyny geçirdi. Uçuş 35 km/sag-dan gowrak ýel tizliginde we 8 metr belentlikde amala aşyryldy diýip, Anadolu agentligi habar berýär...

09.07.2024 21:46
2.3k+

Türkiýäniň aragatnaşyk hemrasy Kanaweral burnundan kosmosa iberildi

Floridanyň (ABŞ) Kanaweral burnundaky kosmodromdan Türkiýäniň Türksat 6A aragatnaşyk hemrasy uçuryldy. Uçuryş SpaceX kompaniýasy tarapyndan Falcon 9 raketa göterijisiniň kömegi bilen amala aşyryldy diýip, Anadolu...

10.04.2024 22:34
6.5k+

Türkiye Aýda stansiýa döretmekde Russiýa bilen Hytaýa goşulýar

Türkiýe Russiýa we Hytaý tarapyndan durmuşa geçirilýän Halkara ylmy Aý stansiýasy (ISS) taslamasyna gatnaşmak üçin ýüz tutdy. Muny Russiýa Ylymlar akademiýasynyň kosmos gözleg institutynyň müdiri Anatoliý Petrukowiç...

08.03.2024 15:50
6k+

Türkiýede emeli aň narlaryň we almalaryň ýetişişine gözegçilik eder

Türkiýede emeli aň arkaly miweli agaçlara gözegçilik etmek üçin programma üpjünçiliginiň döredilendigi barada Anadolu habarlar agentligi habar berýär. Enjamlar nar we alma baglarynda miweleriň ýetişiş derejesini...