Kiçi we orta telekeçiligi goldamak baradaky Döwlet toparynyň düzümi täzelener

  • 03.07.2021 03:42
  • 8k+

Türkmenistanda ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny düzümleýin üýtgetmek boýunça geçirilen özgertmeleri nazara alyp, kiçi we orta telekeçiligi goldamak baradaky Döwlet toparynyň täze düzümini tassyklamak göz öňünde tutulýar. BU barada wise-premýer G.Müşşikow Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Şeýle hem wise-premýer Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň düzümine üýtgetmeleri girizmek hakyndaky teklibi hödürledi. Bu çözgüt döwlet emlägini hususylaşdyrmak işini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysady gatnaşyklary ugrukdyrýan kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny häzirki döwrüň ýagdaýyna laýyk getirmegiň ähmiýetine ünsi çekdi. Türkmen Lideri bu işler geçirilende hereket edýän kanunçylyk namalarynyň düzgünleriniň göz öňünde tutulmagynyň zerurdygyny belläp, onda umumy kabul edilen halkara kadalaryna eýerilmelidigini aýtdy. Döwlet Baştutany wise-premýere bu meseleleri jikme-jik öwrenmegi, ony ugurdaş düzümler bilen ýene bir ýola maslahatlaşyp, işläp taýýarlamagy tabşyrdy. 

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......