Ilon Mask hemra internetiniň geljegini suratlandyrdy

  • 03.07.2021 17:12
  • 13k+

Starlink kompaniýasy ýene bir ýyldan hemra internetine 500 müň ulanyjyny birikdirmegi göz öňünde tutýar. Bu barada «The Verge» neşirinde berlen maglumata salgylanyp, lenta.ru ýazýar.

SpaceX kompaniýasynyň başlygy Ilon Maskyň Mobile World Congress maslahatynda eden çykyşyndan bölekleri getirip, žurnalistler işewüriň hemra internetine ýarym million abonenti birikdirmegi meýilleşdirýändigini ýazýarlar. «Meniň pikirimçe, biz birnäçe ýüz müň ulanyja eýe bolmagyň ýolunda, 12 aýyň dowamynda ulanyjylaryň sanynyň 500 müňden geçmegi mümkin» diýip, Mask aýdýar.   
Taslamanyň geljegini suratlandyryp, milliarder Starlink kompaniýasynyň eýýäm iri ýurtlaryň aragatnaşyk operatorlarynyň ikisi bilen hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekendigini aýtdy we ol barada jik-jik gürrüň bermedi. Maskyň pikiriçe, hemra interneti hereket edýän prowaýderler bilen bäsleşmän, eýsem, olaryň üstüni ýetirýär. «Siz Starlink hakynda 5G we optiki-süýümli aragatnaşygyň arasyndaky boşlugy doldurmak, bu ideýanyň esasynda dünýäniň has işe ukyply böleklerine baryp ýetmek bilen bagly pikir etmeli» diýip, SpaceX kompaniýasynyň başlygy nygtady.


09.03.2026 00:22
3.3k+

Iň kuwwatly superkompýuter ulalýar: xAI kompaniýasy «Colossus 2» taslamasyny giňeltmekçi bolýar

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy Tennessi ştatynyň Memfis şäheriniň golaýyndaky maglumat merkezleriniň birinde täze bina gurmak üçin 659 million dollar sarp etmegi meýilleşdirýär we munuň üçin degişli edaralara rugsatnama almak üçin ýüz tutdy...

23.02.2026 14:41
3.3k+

Ilon Mask: «Starship-iň täze nesli mart aýynda ilkinji uçuşyny amala aşyrar»

Ilon Mask özüniň X jemgyýetçilik torunda täze nesil Starship kosmos gämisiniň şu ýylyň mart aýynda ilkinji gezek uçuryljakdygyny habar berdi. Flight 12 uçuşy Starship V3 arhitekturasynyň ilkinji synagy bolar. Bu gäminiň has kämilleşdirilen we güýçli görnüşidir...

10.02.2026 11:20
9.3k+

Ilon Mask 10 ýyla ýetirmän Aýda şäher gurup boljakdygyny aýdýar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy Marsy eýelemek meýlini ikinji orna süýşürip, ünsüni Aýa gönükdirdi. Indi milliarder Aýda öz-özüni ösdürýän şäheriň taslamasy barada çynlakaý pikir ýöredýär...

05.02.2026 23:52
6.6k+

Bolmaz, bolsa-da arzan bolmaz: Maskyň million robotly arzuwy paşmajaga meňzeýär

Tesla kompaniýasy ýylda bir milliona çenli adam şekilli Optimus robotlaryny göni Frimontdaky zawodynda işläp düzmegi meýilleşdirýärdi. Emma robotyň tas ähli zerur şaýlarynyň Hytaýda öndürilýändigi bu süýji arzuwy, näler islemese-de, ony ajy hakykatyň ýüzüne bakmaga mejbur etdi...