Türkmenistanyň energetika ministri GDA-nyň Elektroenergetika geňeşiniň wise-prezidentligine saýlandy

  • 02.07.2021 19:00
  • 9.7k+

GDA-nyň Elektroenergetika geňeşiniň (EEG) wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen adatdan daşary mejlisinde Russiýa Federasiýasynyň energetika ministri Nikolaý Grigorýewiç Şulginow EEG-niň prezidenti, Türkmenistanyň energetika ministri Çarymyrat Purçekow wise-prezidenti wezipesine saýlandy. Bu barada turkmenistan.gov.tm habar berýär.

Duşuşyga Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we milli elektroenergetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.
Duşuşykda şeýle hem elektroenergetika pudagyndaky GDA agza ýurtlaryň özara gatnaşygynyň we hyzmatdaşlygynyň Strategiýasynyň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de GDA-nyň Elektroenergetika geňeşiniň ýanyndaky Utgaşdyryjy geňeş baradaky Düzgünnama tassyklanyldy. Kabul edilen kararlaryň netijesinde Geňeşiň wezipeleri, şeýle hem oňa berlen hukuklar giňeldildi.
Şeýle hem GDA agza ýurtlaryň elektroenergetika pudagynyň 2020-2021-nji ýylyň güýz-gyş möwsüminde alyp baran işleriniň netijeleri baradaky maglumatlar  hem-de 2020-nji ýyl üçin EEG-niň hasabaty diňlenildi.
GDA-nyň EEG Ýerine ýetiriji komitete «21-nji asyryň täzelenip dikeldilýän energiýa syýasaty boýunça bütindünýä tory» ("REN 21") halkara kommersiýa däl birleşigine agzalygy goşulmagyny guramagy tabşyrdy.
Duşuşykda şeýle hem Ýerine ýetiriji komitete 2021-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli GDA-nyň EEG-niň 59-njy mejlisiniň senesini we ýerini ylalaşmagy tabşyrmak barada karar kabul edildi.

şu gün 11:05
2.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.6k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......