Telekeçileriň ylalaşygy esasynda Türkmenistandan Gyrgyzystana ilkinji ýük iberildi

  • 30.06.2021 16:29
  • 29k+

Düýn, 29-njy iýunda Türkmenistandan Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherine gök önümlerinden, azyk önümlerinden we santehnikalardan ybarat ýük getirildi. Tazabek agentliginiň  Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugyna salgylanyp habar bermegine görä, ýük ibermek baradaky ylalaşyk Prezident Sadyr Japarowyň Aşgabada resmi saparynyň çäklerinde gazanyldy.

Ýatlatsak, 2021-nji ýylyň 27-nji iýunynda gyrgyz-türkmen ykdysady forumynyň çäklerinde Gyrgyzystanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşigi bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda şertnamalara gol çekildi.
Hususan-da, taraplar umumy mukdary 21 million amerikan dollaryndan gowrak bolan gök önümleri, santehnika enjamlaryny we azyk önümleri ibermek barada şertnama baglaşdylar.
Şeýle hem, gazanylan ylalaşyklaryň çäginde egin-eşik we aýakgap önümçiligini, maýa goýum işlerini we iki döwletiň telekeçileriniň arasynda import-eksport amallaryny ösdürmekde hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Bu şertnama laýyklykda, ýükli uçar Türkmenabat şäherinden Bişkek şäherine geldi. Gyrgyzystanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň prezidenti Danil Ibraýewiň aýtmagyna görä, Türkmenistandan gelen ýük aşakdakylardan ybarat:

  • 18 tonna santehnika önümleri (dürli diametrli turbalar - plastmassa, keramiki santehnika enjamlary, stol, oturgyç, çelek we ş.m. ýaly plastmassa önümleri);
  • 10 tonna pomidor;
  • 6 tonna käşir;
  • dokma nusgalary;
  • 2 tonna konditer önümleri (mekgejöwenden dürli konditer önümleri, şol sanda çipsiler);
  • nebithimiýa (polipropilen, polietilen we beýleki nebithimiýa granulalary).

Bişkekdäki howa menzilinde ýüki Prezident administrasiýasynyň başlygynyň orunbasary Adylbek Kasymaliýew garşy aldy.


düýn 01:36
4.4k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.3k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 10:55
7.1k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....